Magtymguly — köňülleriň täji

4 Fewral 2024
320

Toý-märekelerde, üýşmeleňlerde adamlaryň arasynda bir zat barada jedel gidende, ylymly-bilimli, hat-sowatly adamlar: «Magtymguluda şeýleräk», «Pyragy şeýle diýipdir» diýse, şol ýerde jedeller kesilýär. Sebäbi halkymyz Magtymguly Pyraga, onuň pelsepewi pikirlere baý bolan şygyrlaryna bütin kalby bilen ynanýar. Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Magtymgulynyň döredijiliginde halkymyzyň dünýä hakyndaky oýlanmalarynyň, pikir-düşünjeleriniň çuňlugy we özeni jemlenendir.

Şahyr il-ulsuny jany-teni bilen söýüp, bu duýgusyny şygyrlaryna siňdiren söz ussadydyr. Halkyňa, ýurduňa bolan söýgi oňa goýýan gadyr-gymmatyňa baglydyr. Islendik meseläniň çözgüdi bolsa durmuş nukdaýnazaryndan seredilmelidir. Il-günüň bähbidini öňe sürmek hakyky adamkärçiligiň beýik nusgasydyr. Bu bolsa oňa bolan yhlasyň, söýgiň bilen baglydyr.

Maýsa KURBANOWA,
Mary welaýat prokurorynyň Hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar