«Bossany» nagşy

7 Fewral 2024
340

Türkmen zenanlarynyň döreden el hünärleriniň taryhy gözbaşlaryny yzlasaň, gadymyýetiň jümmüşine aralaşýarsyň. Haly-palaslaryň, nagyş-keşdeleriň döreýşi hakynda halkyň hakydasyna ornan rowaýatlar hem munuň şeýledigine güwä geçýär. Palasyň gelip çykyşy barada şeýleräk rowaýat halk arasynda saklanyp galypdyr. Gadym zamanlarda bir obanyň üstüne ýagy dökülip, bir ýaş ýigidi ýesir edip äkidipdirler. Şonda ýigidiň juwan gelni kalbyndaky gaýgy-gamy egismek üçin dokma ýüwürdýär. Ol:

Ak topragy kakaýyn,
Syrym saňa dökeýin,
Älem içre guwanjym,
Goçak başy dik bolsun! —

Gülüstan SAPARBAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 12-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar