Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy dünýäsi

5 Fewral 2024
234

Magtymguly Pyragy beýik akyldar hem-de ussat şahyr hökmünde biziň ýüregimizde baky ýaşaýar. Biz onuň goşgularyny höwes bilen okaýarys. Magtymgulynyň şygyrlaryny okanyňda, onuň türkmen halkynyň ýürek owazyny eşiden, milleti bir saçagyň başyna jem bolmaga çagyran, dogry ýoly salgy beren beýik akyldardy-gyna göz ýetirýäris. Onuň ynsanyň ahlak päkligi baradaky goşgulary hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýär. Şahyryň döredijiliginden türkmen halkynyň mertebesi, ar-namysy, ynsap ölçegleri hakyndaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Şonuň üçin onuň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr.

Berkarar döwleti arzuw eden, agzybirligi wagyz eden Magtymguly Pyragy agzybirligiň bar ýerinde döwletliligiň, abadançylygyň bolýandygyny öz şygyrlary arkaly beýan edipdir. Magtymguly Pyragy sözüň doly manysynda milli şahyrdyr. Bu bolsa şahyryň şygyrlarynyň halkylygyny ýokarlandyrýar hem-de ony belent derejä göterýär. Şahyryň tutuş döredijilik dünýäsi türkmeniň milli ruhuna ýugrulan eserlerden ybarat. Türkmen edebiýatyny Magtymguly Pyragysyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Söz äleminiň zergäri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, ýiti pähim-paýhasy, belent mertebesi, dil baýlygy, pikir ummanlygy çäksizdir. Ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezen Magtymguly Pyragy öz ýiti akyly, parasatlylygy bilen döreden şygyrlaryny baky ýadygär galdyrypdyr.

Merjen ÝAŇYBAÝEWA
Çärjew etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy
Beýleki habarlar