Sanasaň sogaby bar

3 Fewral 2024
460

ýa-da ýedi hazyna barada söhbet

Türkmeniň her bir pursat, waka, ahwal babatda jaýdar aýtgylary bar. Olar hasam kän bolandyr, ýöne nesiller oýlap-peýläp, özlerinden soňkulara iň makullaryny geçiripdirler. Mirasgär halypa Hangylyç Tagangylyjowyň ýedi hazyna barasyndaky makalasynda aýdylyşy ýaly, hakykatdan-da, hazynalaryň sanawy hemme ýerde birmeňzeş bolmaýar. Çarwamy ýa çomrumy, ýaşaýan ýeri deňiz ýakasymy ýa çöl etegimi — tapawudy ýok, hemmeler üçin deň-derejede hazyna saýylýan zatlar bar. Oglan-uşagyň okamagy, gyz-gelniň dokamagy, ekin ekilmegi, malyň bakylmagy hemmeleriň hazyna sanawynda bar. Başga käbir zatlary türkmen ýaşan döwründe we ýaýran çygrynda güzerany aýlamaga aýratyn hemaýat berýändigi, rysgalyna tigirçek bolýandygy üçin aýratynlap, hazyna hasabyna goşupdyr.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar