Şygyr äleminiň soltany

1 Fewral 2024
494

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 17-nji awgustynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şonda çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Alym Arkadagymyzyň täze goşgusyny döredendigini aýtmagy we ony seýilgäh toplumynda okap bermegi halkymyzda uly ruhlanma döretdi.

Akyldar şahyrymyz berkarar döwleti arzuwlan şahsyýetdir. Gahryman Arkadagymyz bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ajaýyp döwre ýetiren we gülledip ösdüren şahsyýetdir. Döwrümiziň şahyrana kalba eýe bolan kämil şahsyýeti Gahryman Arkadagymyz medeni mirasymyza, milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýar.

Bagtyýar ALLOWOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby.
Beýleki habarlar