Tamdyr ussasy

1 Fewral 2024
420

Mukaddeslik hakynda söz açylanda, öý-ojagyň agzybirliginiň we döwletliliginiň nyşany bolan tamdyr hakydaňa dolýar. Türkmengala etrabynyň Rehnet geňeşliginde ýaşaýan Çary Baýmyradowlaryň maşgalasy tamdyr ýasamak senedini dowam etdirýär. Çary aganyň giň howlusynda sünnälenip ýasalan tamdyrlaryň hatar-hatar goýulmagy, toý-baýramly türkmeniň ak öýlerini ýatladýar. Golaýda biz işine yhlasly ussa bilen söhbetdeş bolanymyzda ol şeýle gürrüň berdi:

— Tamdyr ýasamak işi yhlasy, ezberligi, irginsiz zähmeti talap edýär. Arassa gyzyl şykgyny suw bilen garyp, tamdyryň palçygyny taýynlaýarys. Içine saman, ýylgynyň pürüni garyp, aýak bilen depgiläp eýini ýetirýäris. Soňra üç gün ýaly demini berýäris. Eger palçyga goşulýan zatlar arassa bolmasa, tamdyryň içinde ot ýakylanda jaýryk atýar.

Ýazga geçiren Aýnabat ANNAGURBANOWA,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy.
Beýleki habarlar