''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Mekdep lybasynyň taryhy

Eziz çagalar, ine-de, siziň arzyly ak mekdebe gatnamaly döwrüňiz hem ýetip geldi. Oňa ilkinji gezek gadam basjak körpeje bolsun, uly synp bolsun, tapawudy ýok, olar her ýyl täze okuw ýylyna täze okuw esbaplaryny alyp, ak mekdebiň gapysyndan ätlärler. Gadyrly çagalar, eýsem, siz okuw lybasynyň nädip dörändigini bilýärsiňizmi?

Nalaç baba hakda oýlanyp...

Kalby keramatdan, sahawatdan doly pirleriň mekany bolan türkmen topragyna her demde tagzym etseňem az ýaly duýulýar. Şunuň ýaly misilsiz gudraty duýup, zyýarata meýillenmek her kişiniň süňňüne ýeňillik, kalbyna päklik aralaşdyryp, il –günüňe mähremlik nazary bilen garamaga yhlasyňy artdyrýar. Nalaç baba taryhy ýadygärlikler toplumyna gelen pursadymyz, nurly Günüň tylla öwüşginli çyrazy lemmer–lemmer bulutlaryň aňyrsynda gizlendi. Çigrek howa zyýaratçylaryň janyna hoş ýakýardy. Altyn güýzüň ynsan kalbyny, duýgularyny gozgalaňa salýan pursady bu ýerde baky düýnän nijeme ynsanlar hakynda oýa batýarsyň.

Pyragynyň hormat goýan ussady

Belli bolşy ýaly, musulman dünýäsiniň belli şahsyýetleriniň biri Ymam Ryzanyň manyly ömrüniň bir bölegi gadymy Merwde geçipdir. Ymam Ryzanyň doly ady Aly ibn Musa Kazymdyr. Ol musulman halklarynyň belent hezzet-hormaty, beýikligiň alamaty hasap edilýän on iki ymamyň sekizinjisidir. Onuň künýesi Abulhasan, Ryza bolsa lakamydyr. Ol 148-nji hijri ýylynyň zilkagda aýynyň on birine (765-nji ýylyň dekabr aýynyň ýigrimi sekizine) Medinede dünýä inipdir. Halyf Mamun öz dogany Emin aradan çykandan soň, Marydan Arabystana hat ugradyp, hezreti Ryzanyň Medineden Horasana gelmegini soraýar. Haçan-da, Ymam Ryza Mara gelende, halyf Mamun öz gyzy Ummy-Habybany oňa nikalap berýär we ony orunbasary hem-de mirasdüşeri edip belleýär. Aradan birnäçe wagt geçenden soň, Ymam Ryza 203-nji hijri ýylynyň sapar aýynyň ahyrynda (818-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda) aradan çykýar. Ol Eýranyň häzirki Maşat şäherinde jaýlanýar. Şonuň üçin Maşat şäheri mukaddes hasaplanýar we her ýylda müňlerçe adam Ymam Ryzanyň gubruna zyýarat edýär. Ymam Ryza elli bäş ýyl ýaşapdyr. Ol ömrüniň ýigrimi ýylyny ruhy halypa bolup geçiripdir.

Ta­ry­hy gym­mat­lyk­lar hem-de ede­bi mi­ra­sy­myz

Türk­men mil­li me­de­ni­ýe­ti­miz göz­ba­şy­ny ta­ry­hyň çuň­ňur kök­le­rin­den alyp gaýd­ýar. Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze, ede­bi mi­ra­sy­my­za we ta­ry­hyň kök­le­ri­ne ara­laş­dy­gyň­ça, ol özü­niň syr­ly dün­ýä­si­ne ça­gyr­ýar. Ar­heo­log­la­ryň, et­nog­raf­la­ryň, di­ni öw­re­ni­ji­dir ta­ryh­çy­la­ryň, fi­lo­log­la­ryň göz­leg­le­ri türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni öw­ren­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň yla­hy ze­hi­ni siň­di­ri­lip, dür­li öwüş­gin­ler bi­len to­ýun­dan ýa­sa­lyp bi­şi­ri­len dür­li şe­kil­ler, bü­rünç­dir kü­müş­den ýa­sa­lan mö­hür­ler, tu­mar­lar, daş­dan ýo­nu­lyp ýa­sa­lan tä­sin ta­pyn­dy­lar ru­hy me­de­ni­ýe­tiň ösü­şin­dä­ki aja­ýyp­lyk­la­ry şöh­le­len­dir­ýär. Ga­dy­my dö­wür­de se­net­çi us­sa­lar da­şy, me­ta­ly, küm­şi, al­ty­ny iş­läp be­jer­me­giň teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan go­wy baş çy­ka­ryp, öz hü­nä­ri­ni ne­sil­le­re ge­çi­rip­dir­ler. «Şä­girt ha­ly­pa­dan oz­dur­ma­sa, hü­när ýi­ter» diý­li­şi ýa­ly, wag­tyň geç­me­gi bi­len us­sa­lar ýa­san önüm­le­ri­niň daş­ky gör­nü­şi­ni halk ara­syn­da aý­dyl­ýan ro­wa­

Gadymy suw desgalary

Ençeme wakalaryň şaýady bolan belent başly, kert-kert gaýaly Balkan daglarynyň goýny durşy bilen taryh. Geçmişi öwrenijileriň kesgitlemegine görä, adamzat döräli bäri ýaşaýşyň mekany hasaplanan bu daglaryň degresindäki Jebel gowagy, Dam-dam çeşmesi, Gaýly gowagy ýaly taryhy ýerler özüniň has gadymylygy bilen taryhçylaryň, arheologlaryň, ýer-ýurtlary öwreniji alymlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Jebel, Gaýly gowaklaryndan ilkidurmuş adamlarynyň iş gurallarynyň, ýaraglarynyň galyndylarynyň tapylyp, alymlar tarapyndan öwrenilmegi bu topragyň ýaşaýşyň ilki dörän ýerleriniň biridigine şaýatlyk edip, mähriban Watanymyza, mukaddes topragymyza bolan buýsanjy artdyrýar. Balkan daglarynda 1949-1950-nji ýyllarda ylmy işleri geçiren rus alymy, arheolog A.Okladnikow Jebel gowagynda mezolit (orta daş asyry) eýýamynyň gatlaklaryndan başga-da, neolit (täze daş asyry) eýýamyna, bürünç asyryna, şeýle-de mikrolit eýýamyna degişli keramiki önümleriň we süňkden ýasalan birnäçe tapyndylaryň ýüze çykarylandygyny belläp geçýär. Fransuz taryhçysy Seržan Bernar bolsa bu gowakdan tapylan daşdan sünnälenen iş we aw gurallary, aw awlamak üçin naýzanyň ujuna dakmaga niýetlenen ujy ýiteldilen daşlar, şol döwürde bezeg şaý-sepleri hökmünde ulanylan, bir tarapy endigan de

Köneürgenjim — dünýä genjim

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek, olary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň mady däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda degişli wagyz-nesihat çäreleri geçirmegini dowam edýär. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty 8 — 10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de TMÝG-niň Merkezi Geňeşi, TKA-nyň Milli merkezi we Daşoguz welaýat häkimligi bilen bilelikde «Köneürgenç — türkmen taryhynyň ajaýyp dürdänesi» diýen at bilen maslahat geçirdi. Maslahat welaýatymyzyň çäklerinde ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň täze tapgyryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky mümkinçilikleri öwrenmäge bagyşlandy. Şeýle hem maslahatyň myhmanlary gadymy Gürgenjiň taryhy we medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna zyýarat etdiler.

Hasaplaýjy enjamyň döreýşi

Kalkulýator ady bilen tanalýan elektron hasaplaýjy enjam «calculo» — hasaplaýaryn hem-de «calculus» — daşjagazlar diýen latyn sözlerinden gelip çykandyr. Ol, ilkinji nobatda, hasaplama amallaryny ýerine ýetirmek, galyberse-de, algebra formulalary bilen işlemek üçin niýetlenendir. Hasaplaýjy enjamyň dürli görnüşleri bolup, olardan, esasan, adaty buhgalterçilik, inženerçilik hem-de maliýe maksatlary üçin niýetlenen kalkulýatorlar giňden ulanylýar. Bulardan başga-da, häzirki wagtda programmirleme we grafiki kalkulýatorlar işjeň ulanylýar.

Syýagalamyň taryhyndan

Gündelik durmuşymyza berk ornaşan zatlaryň biri bolan syýagalam mekdep okuwçylarynyň hem hemişelik ýan esbabydyr. Gadyrly çagalar! Täze okuw ýylynyň başlanan gününde syýagalamyň taryhy bilen tanyşmak siziň üçin hem gyzykly bolsa gerek. Syýa bilen ýazmak öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Alymlar tarapyndan biziň eýýamymyzdan öňki 2500-nji ýyllarda hem gadymy Müsürde we Hytaýda syýanyň ulanylandygy anyklanyldy. 1888-nji ýylda amerikaly deňizçi Jon Loud ilkinji syýagalamy oýlap tapyjy hökmünde patent alýar. Ýöne ol häzirki kämil görnüşine 1935-nji ýylda Ladislao Biro we onuň dogany tarapyndan getirilýär. Doganlar Birolar ilkinji syýagalamy fabriginiň hem düýbüni tutujylardyr. Argentinada köpçülikleýin önümçiligi ýola goýlan syýagalamlar Milton Reýnolds tarapyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hem eksport haryt hökmünde ýaýradylýar. 1940-njy ýyllarda eýýäm dünýäniň köp ýurtlarynda onuň önümçiligi ýola goýulýar.

Jogapsyz söýginiň şaýady

Türkmen topragyndaky taryhy ýadygärliklere syýahat edeniňde, göýä gürrüňçil gojanyň gyzykly söhbedini diňlän ýaly bolýarsyň. Sebäbi bu topragyň üstündäki gadymy ýadygärlikleriň her biriniň gyzykly taryhynyň bolşy ýaly, olar hakda halk arasynda döredilen rowaýatlaram kalbyňda täsin duýgulary döredýär. Taryh mugallymy hökmünde okuwçylarymyzy Ahal welaýatynyň çägindäki, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň çar künjegindäki gadymyýetiň şaýady bolan ýadygärlikler bilen tanyşdyryp durýarys. Şeýle täsin ýerlere baý topraklaryň biri-de ýurdumyzyň demirgazygynda ýerleşýän Daşoguz welaýatydyr. Köneürgenç topragynyň gadymyýetiň sesi siňen kümmetleri ir wagtlardan bäri taryhçylaryň ünsüni çekip gelýär. Köneürgenç ýadygärlikleriniň göwheri saýylan Törebeg hanymyň kümmetiniň özboluşlylygyna haýran galmazlyk mümkin däl. Bu aramgähiň haçan we kim tarapyndan gurlandygy barada dürli pikirler öňe sürülýär. Halk arasynda ýaşap gelýän rowaýatlarda bu ymaratyň gurluşygy Horezmiň hökümdary Gutlug Temiriň aýaly Törebeg hanymyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Törebeg hanymyň dogruçyllygy, rehimdarlygy, şäher binagärligine üns berendigi bütin Horezmde belli bolupdyr. Esasan-da, onuň zenanlaryň hemaýatkäri bolandygy hakda dürli rowaýatlarda aýdylýar. Hut şonuň

Täsin ykbally türkmen zenany

Hiç kimiňkä meňzemeýän üýtgeşik ykbally türkmen zenany Tatýana Mihaýlowna (Artykgül) Tekinskaýanyň ömri we bitiren işleri hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Täşli Hydyrowyň, filosofiýa ylymlarynyň doktory Nedir Kulyýewiň we käbir beýleki alymlarymyzyň dürli ýyllarda geçiren derňewlerinde, şeýle-de gündelik metbugatyň sahypalarynda okyjylara ýetirilen birnäçe makalalarda gymmatly maglumatlar bar. Ata Atajanowyň 1987-nji ýylda neşir edilen «Teke gyzy Tatýana» romanynyň baş gahrymany hökmünde çeper keşbiniň döredilmegi bilen, onuň taryhy şahsyýeti halk köpçüligine has-da mälim boldy. Biz hem öňräkden bäri bu ajaýyp zenanyň täsin ykbaly bilen ýörite gyzyklanyp, «Eýsem, ol hakda ilkinji gezek haçan we kim ýazdyka? Onuň çagalyk döwründe düşürilen suratlary saklanyp galmadymyka?» diýen ýaly soraglary öz öňümizde goýduk hem-de bäş-alty ýylyň dowamynda olara jogap gözledik. Geçiren gözleglerimiziň ilkinji netijesi hökmünde Artykgül Tekinskaýa bilen ýakyn aragatnaşykda bolan we A. Atajanowyň agzalan romanynda çeper keşbi döredilen taryhy şahsyýetleriň käbiri barada rus dilinde ýazan makalamyz Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň paýtagty Ufa şäherinde 2019-njy ýylda neşir edilen iki tomluk «Ýewraziýanyň musulman halklar

Paryzdepäniň gymmatly tapyndylary

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, onuň günorta sebiti hem gadymy arheologik ýadygärliklere baýdyr. Şolaryň biri hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän, Köpetdagy etekläp oturan gadymy we orta asyr Paryzdepe arheologiýa ýadygärligidir. Paryzdepäniň umumy meýdany 4 gektara barabar bolup, ilkinji gezek professor W.N.Pilipko tarapyndan onuň kartografiýasy düzülýär. Professor W.N.Pilipko Sankt-Peterburgda geçirilen ylmy maslahatda hem Paryzdepeden tapylan bürünç döwrüniň ahyry we irki demir asyrynyň başlaryna degişli tapyndylar barada çykyş edýär. Ol çykyşynda geljekde Paryzdepäniň has giňişleýin öwrenilmegi üçin arheologiýa barlag işleriniň geçirilmelidigine ünsi çekýär.

Pyragynyň huzurynda

Bu gün ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabadyň ajaýyp keşbi gözelligiň kämil nusgasyna öwrüldi. Merjen şäherimiz öz çägini yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän ak mermere beslenen belent binalaryň, täze seýilgäh zolaklarynyň hasabyna ýylsaýyn giňeldýär. Häzirki wagtda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy hem paýtagtymyzyň günorta künjegine özboluşly görk berýär. Gojaman Köpetdagyň gerişlerine ýakynlaşdygyňça, Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy üçin ajaýyp dag belentliginiň saýlanyp alynmagynyň sebäbine has-da oňat göz ýetirýärsiň. Elbetde, arassa howa, reňbe-reň gözellikler ünsüňi bada-bat özüne çekýär, bu ýerde şahyryň beýikligini mynasyp şöhlelendirýän äpet heýkel bilen bir bitewüligi döredip biljek ýeke-täk tebigylyk — belent dag gerişleri bar. Täze döredilýän seýilgähiň merkezinde oturdylan beýik akyldaryň heýkeli halkymyzyň çeper söze, söz ussatlaryna goýýan belent sylag-hormatynyň görkezijisi bolup şöhlelenýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparynyň çäginde bu toplumda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen ýakyndan tanyşdy. Şonda Arkadagly Serdarymyz medeni-seýilgäh toplumda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň

Biziň taryhymyz

Asyrlaryň şaýady Welaýatymyzyň çäginde örän ir döwürlerden bäri taryhyň şaýady bolup gelýän ýadygärlikler we desgalar köp. Şolaryň biri hem Murgap derýasynyň ýokary akymynda ýerleşýän Soltanbent suw desgasydyr. Bu desga Murgap derýasynyň ugrunda gurlan ilkinji desgalaryň biri hasap edilýär.

Gündogaryň danasy Fuzaýl ibn Yýaz

Alym Arkadagymyzyň: «Biziň ýurdumyz Gündogaryň syýasy-jemgyýetçilik, edebi-ylmy pikirine uly täsir eden, ylymda, edebiýatda we beýleki ugurlarda mekdepleri we ýol-ýörelgeleri döreden, pelsepeçi, ylahyýetçi, dilçi, edebiýatçy, taryhçy alymlaryň, tanymal sungat adamlarynyň nesliniň kemala gelen mekanydyr. Pelsepe, saz, edebiýat, dil, matematika, himiýa, astronomiýa, geologiýa, lukmançylyk ylymlarynyň çuňlaşmagyna, baýlaşmagyna, edebi mekdepleriň, pelsepewi ýörelgeleriň döremeginde olaryň hyzmaty juda uludyr» diýen çuňňur manyly sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz manysyny älem ýüzüne ýaýýar. Muňa mysal hökmünde alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda hormat bilen hatyralan şahsyýeti Fuzaýl ibn Yýazyň ykbal beýany esasynda hem göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz türkmen alymy Abdylla ibn Mübärek Merweziniň ylym dünýäsindäki ýeten derejesiniň belentligini subut edýän maglumatlara ýüzlenende hem şol döwürde Abdylla Mübäregiň alymlygynyň ykrarnamasyna öwrülen hikmetli sözi aýdanyň hem hut türkmen topragynda doglan we «Abiwerdde önüp-ösen, «Iki mukaddesligiň ybadathony» adyna eýe bolan Fuzaýl ibn Yýazdygyny buýsanç bilen ýatlaýar. Fuzaýl ibn Yýaz 725—726-njy ýyllarda Abiwerdde, häzirki Ahal welaýatynyň Kaka etr

Gadymy taryhymyza buýsanç

Ene mukaddesliginiň gadymdan gelýän waspy

Gadymy döwürlerde Gündogaryň ähli ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem zenan hudaýyna topragyň, hasyllylygyň, suwuň, öý-ojagyň medetkäri hökmünde togap edilip gelnipdir. Belli taryhçy, etnograf alym Öwez Gündogdyýewiň berýän maglumatyna görä, oturan zenanyň keşbi şekillendirilen iň gadymy heýkeller b.e. öňki VI müňýyllykda, ýagny neolit döwründe ýüze çykypdyr. Bu bolsa türkmen halkynyň arasynda şol wagtdan bäri enäniň keramatlaşdyrylandygyny aýtmaga mümkinçilik berýär. Gadymy zoorastrizm dininiň mukaddes kitaby bolan «Awestada» Anahita atly zenan hudaýy hasyllylygyň we suwuň hudaýy hökmünde ýatlanylýar. Parfiýa imperiýasynyň ýykylmagy bilen, Türkmenistanyň köp bölegi sasanylar döwletiniň düzümine girýär. Zenan hudaýlarynyň terrokat heýkeljikleriniň köpçülikleýin taýýarlanmasynyň bes edilmegi Sasanylar döwrüne häsiýetlidir. Bu döwürde zenan hudaýlaryna çokunmaklyk belli bir derejede togtaýar. Onuň ýerine otparazçylyk dini esasy orna geçýär.

Orta asyryň danasy

Gadymy Daşoguz topragy taryhy gymmatlyklara baý mekandyr. Bu ýerde ýetişen köp sanly alymlaryň dünýä ylmyna goşan goşandy uludyr. Olaryň arasynda Horezmi, Biruny, Zamahşary ýaly alymlar has meşhurdyr. Horezm döwletiniň paýtagty bolan häzirki Köneürgenç ylym-bilimiň, medeniýetiň gülläp ösen ýeri hasaplanylýar. Bol suwly Jeýhunyň kenarynda, uly kerwen ýolunyň çatrygynda ýerleşen bu şäher hemişe gelim-gidimli abadan bir ülke hökmünde taryhy çeşmelerde beýan edilýär. Bu topragyň taryhynda milli buýsanjymyzy artdyrýan köp sanly wakalar bar. Şolaryň biri hem Merkezi Aziýadaky ilkinji akademiýanyň hut şu ýerde, Köneürgençde bina edilendigidir. Dünýä taryhynda «Mamunyň akademiýasy» ady bilen tanalan bu ylym ojagynda beýik alymlar ylmy-barlag we ýyldyzlaryň hereketine gözegçilik işlerini alyp barypdyrlar. Şol ýerde önjeýli zähmeti bilen adygan, köp sanly ylmy açyşlary bilen tanalan alymlaryň biri hem Abu Reýhan Birunydyr. Ylym derejesini kämilleşdirmek we eserleri ýazmak maksady bilen, dürli yklymlarda zähmet ýoluny geçen Abu Reýhanyň otuz sekiz ýaşynda Horezmiň paýtagty Gürgenje dolanyp barmagy Mamuny örän begendirýär. Mamun ony dessine uly alymlaryň geňeşine goşupdyr. Abu Reýhan emir Mamunyň döwlet işleri boýunça maslahatçysy hem bolupdyr. Syýasy işleriniň köpdügine

Düýäm — dünýäm

Düýe dürli işlerde ulanylmaga bolan ukyby, adamyň erkine ýeňil tabyn bolýandygy, ýolsuz-ýodasyz, suwsuz hem agyr menzillere çydamlydygy, aýratyn idegi talap etmeýän, oňňut etmäge ukyplydygy bilen tapawutlanýar. Ol ulag we iş maly hökmünde halkymyzyň iň ýakyn ýardamçysy bolupdyr. Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ýük daşamakda, aragatnaşyk ulagy hökmünde düýeleriň hyzmatyndan giňden peýdalanypdyr. Ýakyn-u-alys menzillere argyşa giden türkmen üçin pagtadan, zygyrdan we ýüpekden dokalan nah, atlaz matalary, bereketli topragymyzda bitýän datly gawun-garpyzlarymyzdan we ir-iýmişlerimizden taýýarlanan kak, sök, kişmiş ýaly datly nygmatlary dünýä çykarmakda düýe iň ygtybarly ulag hasaplanypdyr. Şonuň üçin-de halkymyz düýä «çöl gämisi» diýip at beripdir. Beýik Ýüpek ýolunyň emele gelmegine goňşy we alysda ýerleşýän gadymy döwletleriň arasynda ykdysady, haryt-söwda we diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy sebäp bolupdyr. Agyr-agyr kerwenler geçginli harytlary daşamak bilen birlikde, medeniýetleriň ýaýramagyna-da esas döredipdir. Kerwenler diňe bir söwda dolanyşygyny amala aşyrman, eýsem hatlardyr habarlary hem ýaýradypdyrlar. Şonuň üçin-de olar adamzat ýaşaýşynda aýgytly orny eýeläpdirler. Bu ýagdaý halkymyzyň halkara gatnaşyklara işjeň aralaşmagyna, Beýik

Nusaý galalarynyň binagärligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli medeniýetimize, mirasymyza, taryhymyza aýratyn sarpa goýulýar. Halkymyzyň milli medeniýeti buýsanjymyzdyr. Olar halkymyzyň taryhynyň dürli sahypalarynda özüniň gaýtalanmajak öwüşgüni bilen şöhlelenýär. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň şaýatlarynyň biri hem gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdan Nusaý galalarydyr. Bu gadymy gala dünýäniň medeni ösüşiniň gadymy ojaklarynyň biridir. Onuň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuň taryhy eziz Diýarymyzyň örän gyzykly we gymmatly sahypalaryny kemala getirýär. Taryhy kitaplaryň sahypalaryndan orun alan Täze we Köne Nusaý galalary häzirki döwürde özüniň meşhurlygyny barha artdyrýar. Gözbaşyny has irki, has takygy antiki döwürlerden alyp gaýdýan Nusaý häzirki Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşip, gadymy döwürde Parfiýa döwletiniň paýtagty bolupdyr.

Merwe çagyrylan Ymam

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2024-nji ýylda doglan gününiň dabaraly belleniljek 300 ýyllygyna şu günlerden ykjam taýýarlyk görülýän türkmen halkynyň akyldar şahyry, beýik söz ussady Magtymguly Pyragy käbir goşgularynda 12 ymamy ýatlap geçýär, «Bagyşla bizni» goşgusynda bolsa ymamlary başdan-aýak sanaýar. Şol goşgusynyň bir bendinde: Deň-duşlar ýanynda bir bikemalam, Aşygy Mejnunam, şikeste halam, Synaýy, Horasan, zuwwary — älem, Ýa, ymam Ryzaýa, bagyşla bizni —