Nusaý galalarynyň binagärligi

15 Awgust 2022
1250

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli medeniýetimize, mirasymyza, taryhymyza aýratyn sarpa goýulýar. Halkymyzyň milli medeniýeti buýsanjymyzdyr. Olar halkymyzyň taryhynyň dürli sahypalarynda özüniň gaýtalanmajak öwüşgüni bilen şöhlelenýär. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň şaýatlarynyň biri hem gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdan Nusaý galalarydyr. Bu gadymy gala dünýäniň medeni ösüşiniň gadymy ojaklarynyň biridir. Onuň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuň taryhy eziz Diýarymyzyň örän gyzykly we gymmatly sahypalaryny kemala getirýär. Taryhy kitaplaryň sahypalaryndan orun alan Täze we Köne Nusaý galalary häzirki döwürde özüniň meşhurlygyny barha artdyrýar.

Gözbaşyny has irki, has takygy antiki döwürlerden alyp gaýdýan Nusaý häzirki Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşip, gadymy döwürde Parfiýa döwletiniň paýtagty bolupdyr.

Jennet SOPYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy terjimeçisi.
Beýleki habarlar