Täsin ykbally türkmen zenany

25 Awgust 2022
2279

Hiç kimiňkä meňzemeýän üýtgeşik ykbally türkmen zenany Tatýana Mihaýlowna (Artykgül) Tekinskaýanyň ömri we bitiren işleri hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Täşli Hydyrowyň, filosofiýa ylymlarynyň doktory Nedir Kulyýewiň we käbir beýleki alymlarymyzyň dürli ýyllarda geçiren derňewlerinde, şeýle-de gündelik metbugatyň sahypalarynda okyjylara ýetirilen birnäçe makalalarda gymmatly maglumatlar bar. Ata Atajanowyň 1987-nji ýylda neşir edilen «Teke gyzy Tatýana» romanynyň baş gahrymany hökmünde çeper keşbiniň döredilmegi bilen, onuň taryhy şahsyýeti halk köpçüligine has-da mälim boldy.

Biz hem öňräkden bäri bu ajaýyp zenanyň täsin ykbaly bilen ýörite gyzyklanyp, «Eýsem, ol hakda ilkinji gezek haçan we kim ýazdyka? Onuň çagalyk döwründe düşürilen suratlary saklanyp galmadymyka?» diýen ýaly soraglary öz öňümizde goýduk hem-de bäş-alty ýylyň dowamynda olara jogap gözledik. Geçiren gözleglerimiziň ilkinji netijesi hökmünde Artykgül Tekinskaýa bilen ýakyn aragatnaşykda bolan we A. Atajanowyň agzalan romanynda çeper keşbi döredilen taryhy şahsyýetleriň käbiri barada rus dilinde ýazan makalamyz Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň paýtagty Ufa şäherinde 2019-njy ýylda neşir edilen iki tomluk «Ýewraziýanyň musulman halklarynyň ruhy dünýäsi» («Духовный мир мусульманских народов Евразии») atly kitaba girizilip, okyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Ynha, biziň elimizde Russiýanyň şol wagtky paýtagty Sankt-Peterburg şäherinde suratlar bilen bezelip, çagalar üçin her aýda bir gezek neşir edilen «Родник» («Bulak») žurnalynyň 1882-nji ýylyň sentýabrynda çykan 9-njy sany. Has dogrulap aýtsak, žurnalyň Russiýanyň diňe merkezi kitaphanalarynyň birnäçesinde saklanyp galan asyl nusgadaky bu sanynyň elektron görnüşini internet arkaly bolşy ýaly şahsy kompýuterimize geçirdik. Žurnalyň sahypalaryny açyşdyryp barşymyza, 224-nji sahypada başlanyp, 231-nji sahypada tamamlanýan (şol döwrüň däbine görä, žurnalyň her sany aýratyn sahypalanman, eýsem, bir ýylda çykan sanlaryna bir neşir hökmünde seredilip, umumy sahypa goýlupdyr) «Bir teke gyzynyň we onuň enekesi-esger Rodionyň taryhy» («История одной текинской девочки и ее няни-солдата Родиона») atly makalada gözümiz eglenýär we ony salymyny bermän okap çykýarys. Şu we beýleki çeşmeler esasynda Tatýana Tekinskaýa hakynda ýokarda agzalyp geçilen işlerde öz beýanyny tapan wakalaryň söhbedi edilýän bu makalanyň ýaý içinde berlen kiçi sözbaşysy hem bar: «1880-81-nji ýyllaryň urşundan bir görnüş» («Эпизод из войны 1880-81 годов»). Köp kişä belli şol wakalary bu ýerde gaýtadan gürrüň bermegiň zerurlygy ýok bolsa gerek. Bu temada ilki çap edilen işleriň biri bolan bu makalanyň biziň üçin iň ähmiýetli ýeri, onda 1882-nji ýylda dört ýaşyny dolduran şol gyzjagaz Tanýa Tekinskaýanyň haýsydyr bir suratçy tarapyndan el bilen çekilen keşbiniň bolmagydyr. Biz onuň şol suratyny uly bir suratyň içinden gyrkyp alyp, hormatly okyjylara ýetirýäris. Bellemeli tarapy, şol ýyllarda şeýle grawýura suratlary düşürilen fotosuratlar esasynda ýerine ýetirilipdir.

Myratgeldi SÖÝEGOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor.
Beýleki habarlar