Syýagalamyň taryhyndan

31 Awgust 2022
1506

Gündelik durmuşymyza berk ornaşan zatlaryň biri bolan syýagalam mekdep okuwçylarynyň hem hemişelik ýan esbabydyr. Gadyrly çagalar! Täze okuw ýylynyň başlanan gününde syýagalamyň taryhy bilen tanyşmak siziň üçin hem gyzykly bolsa gerek.

Syýa bilen ýazmak öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Alymlar tarapyndan biziň eýýamymyzdan öňki 2500-nji ýyllarda hem gadymy Müsürde we Hytaýda syýanyň ulanylandygy anyklanyldy. 1888-nji ýylda amerikaly deňizçi Jon Loud ilkinji syýagalamy oýlap tapyjy hökmünde patent alýar. Ýöne ol häzirki kämil görnüşine 1935-nji ýylda Ladislao Biro we onuň dogany tarapyndan getirilýär. Doganlar Birolar ilkinji syýagalamy fabriginiň hem düýbüni tutujylardyr. Argentinada köpçülikleýin önümçiligi ýola goýlan syýagalamlar Milton Reýnolds tarapyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hem eksport haryt hökmünde ýaýradylýar. 1940-njy ýyllarda eýýäm dünýäniň köp ýurtlarynda onuň önümçiligi ýola goýulýar.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar