Düýäm — dünýäm

16 Awgust 2022
982

Düýe dürli işlerde ulanylmaga bolan ukyby, adamyň erkine ýeňil tabyn bolýandygy, ýolsuz-ýodasyz, suwsuz hem agyr menzillere çydamlydygy, aýratyn idegi talap etmeýän, oňňut etmäge ukyplydygy bilen tapawutlanýar. Ol ulag we iş maly hökmünde halkymyzyň iň ýakyn ýardamçysy bolupdyr. Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ýük daşamakda, aragatnaşyk ulagy hökmünde düýeleriň hyzmatyndan giňden peýdalanypdyr. Ýakyn-u-alys menzillere argyşa giden türkmen üçin pagtadan, zygyrdan we ýüpekden dokalan nah, atlaz matalary, bereketli topragymyzda bitýän datly gawun-garpyzlarymyzdan we ir-iýmişlerimizden taýýarlanan kak, sök, kişmiş ýaly datly nygmatlary dünýä çykarmakda düýe iň ygtybarly ulag hasaplanypdyr. Şonuň üçin-de halkymyz düýä «çöl gämisi» diýip at beripdir.

Beýik Ýüpek ýolunyň emele gelmegine goňşy we alysda ýerleşýän gadymy döwletleriň arasynda ykdysady, haryt-söwda we diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy sebäp bolupdyr. Agyr-agyr kerwenler geçginli harytlary daşamak bilen birlikde, medeniýetleriň ýaýramagyna-da esas döredipdir. Kerwenler diňe bir söwda dolanyşygyny amala aşyrman, eýsem hatlardyr habarlary hem ýaýradypdyrlar. Şonuň üçin-de olar adamzat ýaşaýşynda aýgytly orny eýeläpdirler. Bu ýagdaý halkymyzyň halkara gatnaşyklara işjeň aralaşmagyna, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde orun almagyna, türkmen medeniýetiniň dünýä ýaýramagyna esas döredipdir.

Amangeldi HOMMAKOW,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.
Beýleki habarlar