Pyragynyň huzurynda

24 Awgust 2022
1414

Bu gün ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabadyň ajaýyp keşbi gözelligiň kämil nusgasyna öwrüldi. Merjen şäherimiz öz çägini yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän ak mermere beslenen belent binalaryň, täze seýilgäh zolaklarynyň hasabyna ýylsaýyn giňeldýär. Häzirki wagtda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy hem paýtagtymyzyň günorta künjegine özboluşly görk berýär. Gojaman Köpetdagyň gerişlerine ýakynlaşdygyňça, Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy üçin ajaýyp dag belentliginiň saýlanyp alynmagynyň sebäbine has-da oňat göz ýetirýärsiň. Elbetde, arassa howa, reňbe-reň gözellikler ünsüňi bada-bat özüne çekýär, bu ýerde şahyryň beýikligini mynasyp şöhlelendirýän äpet heýkel bilen bir bitewüligi döredip biljek ýeke-täk tebigylyk — belent dag gerişleri bar.

Täze döredilýän seýilgähiň merkezinde oturdylan beýik akyldaryň heýkeli halkymyzyň çeper söze, söz ussatlaryna goýýan belent sylag-hormatynyň görkezijisi bolup şöhlelenýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparynyň çäginde bu toplumda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen ýakyndan tanyşdy. Şonda Arkadagly Serdarymyz medeni-seýilgäh toplumda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly Pyragynyň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly setirlerini baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, bu ýerde ajaýyp goşgy setirleri şahyryň heýkeli bilen kämil sazlaşygy emele getirer. Şahyryň bürünç heýkelini synlap durşuňa, hyýalyňda bu belent ýadygärligi akyldaryň şygryýet älemindäki ägirtligi bilen deňeşdirýärsiň. Onuň belentligi bakylyk we barlyk baradaky pikirleri seriňe doldurýar. Pyragynyň keşbi beýikligiň binýady bolup şöhlelenýär. Ussat şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň «Oýlanma baýry» goşgusy köpleriň ýadynda bolsa gerek. Goşguda giň sährada oturdylan şahyrlygyň hyýaly heýkeli bakylyga deňelýär. Aňyňda bolsa şol heýkel bilen Pyragynyň bu ajaýyp ýadygärliginiň arasyndaky bakylyk baglanyşygy hakyndaky pikirler janlanýar:

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar