Köneürgenjim — dünýä genjim

9 Sentýabr 2022
1588

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek, olary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň mady däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda degişli wagyz-nesihat çäreleri geçirmegini dowam edýär.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty 8 — 10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de TMÝG-niň Merkezi Geňeşi, TKA-nyň Milli merkezi we Daşoguz welaýat häkimligi bilen bilelikde «Köneürgenç — türkmen taryhynyň ajaýyp dürdänesi» diýen at bilen maslahat geçirdi. Maslahat welaýatymyzyň çäklerinde ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň täze tapgyryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky mümkinçilikleri öwrenmäge bagyşlandy. Şeýle hem maslahatyň myhmanlary gadymy Gürgenjiň taryhy we medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna zyýarat etdiler.

Arslan TAGANOW,
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar