Gündogaryň danasy Fuzaýl ibn Yýaz

23 Awgust 2022
1103

Alym Arkadagymyzyň: «Biziň ýurdumyz Gündogaryň syýasy-jemgyýetçilik, edebi-ylmy pikirine uly täsir eden, ylymda, edebiýatda we beýleki ugurlarda mekdepleri we ýol-ýörelgeleri döreden, pelsepeçi, ylahyýetçi, dilçi, edebiýatçy, taryhçy alymlaryň, tanymal sungat adamlarynyň nesliniň kemala gelen mekanydyr. Pelsepe, saz, edebiýat, dil, matematika, himiýa, astronomiýa, geologiýa, lukmançylyk ylymlarynyň çuňlaşmagyna, baýlaşmagyna, edebi mekdepleriň, pelsepewi ýörelgeleriň döremeginde olaryň hyzmaty juda uludyr» diýen çuňňur manyly sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz manysyny älem ýüzüne ýaýýar. Muňa mysal hökmünde alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda hormat bilen hatyralan şahsyýeti Fuzaýl ibn Yýazyň ykbal beýany esasynda hem göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz türkmen alymy Abdylla ibn Mübärek Merweziniň ylym dünýäsindäki ýeten derejesiniň belentligini subut edýän maglumatlara ýüzlenende hem şol döwürde Abdylla Mübäregiň alymlygynyň ykrarnamasyna öwrülen hikmetli sözi aýdanyň hem hut türkmen topragynda doglan we «Abiwerdde önüp-ösen, «Iki mukaddesligiň ybadathony» adyna eýe bolan Fuzaýl ibn Yýazdygyny buýsanç bilen ýatlaýar. Fuzaýl ibn Yýaz 725—726-njy ýyllarda Abiwerdde, häzirki Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäklerinde doglupdyr. Ol ýaşy birçene barandan soňra Mekgä gidipdir we 803-nji ýylda şol ýerde dünýeden ötüpdir. Edebiýatyň taryhynda alymyň ady Fuzaýl ibn Yýaz, Fudaýl ibn Aýaz, Fudaýl ibn Iýad ýaly görnüşlerde gabat gelýär.

Fuzaýl ibn Yýazyň türkmen topragynda ýaşap geçen döwründen bäri ençeme asyr geçen hem bolsa, onuň gymmatly pendi-nesihatlary dürli asyrlarda ýaşap geçen akyldarlaryň, alymlaryň, şahyrlaryň adamzat gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döredijilik ýolundaky arzuw-islegleri bilen duşuşyp gelýär.

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar