"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Öçmejek yz galdyran beýik şahyr

Abulkasym Mansur Hasan Firdöwsi, takmynan, 933-nji ýylda Horasanyň gadymy şäheri Tusda daýhan maşgalasynda dogulýar. Ol pars edebiýatynyň dünýä belli wekilidir. Şahyryň çagalyk we ýetginjeklik ýyllary barada maglumat ýok diýen ýalydyr. Beýik akyldar öz döwründe arap, pars dillerinde bilim alyp, şol döwürde «häkim» tahallusyna eýe bolupdyr. Firdöwsiniň «Şanama» eseri häzire çenli dünýä edebiýatynyň taryhynda bir adam tarapyndan döredilen iň uly şahyrana eposdyr. Eser mesnewi görnüşinde ýazylyp, möçberi boýunça juda uly eserdir. Göwrümi boýunça ondan uly diňe hindileriň «Mahabharatasy» bar, ýöne hindileriň bu eposy bir däl-de, birnäçe adamyň döreden eseridir. «Şanama» 60 müň beýtden, 120 müň setirden ybarat bolup, Eýranyň hökümdarynyň 53-isiniň patyşalyk eden döwrüni öz içine alýar. Şahyr poemasynyň şalyklar baradadygyny öňe sürse-de, edebiýatçylar awtoryň ulanan çeşmelerine laýyklykda ony üç sany uly ugra — mifologik, rowaýat hem-de taryhy şahalara bölýärler.

­Kämil binýat

Milli ylym ulgamyny ösdürmek döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň zerur şertleriniň biri bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz tarapyndan döwrüň barha ösýän talaplaryna laýyklykda öndürijilikli işlemäge ukyply nesli terbiýelemäge uly üns gönükdirilýär. Bu ugurdaky wezipeler milli we döwlet maksatnamalarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ylmy ösdürmegiň ertirki günüňi döretmekdigine ünsi çekmek bilen, «Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz. Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr. Adamlar asyrlaryň dowamynda ylym öwrenip, äpet uly ylym daragtyny kemala getirdiler. Görnükli türkmen alymy Zamahşarynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» atly işinde «Eli hünärli adam baýdyr» diýen parasatly sözler bar. Eli hünärli, kalbynda maksady bolan adam durmuşda öz ýoluny tapýar» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynyň işini, hereketini, dolandyrylyşyny sanly tehnologiýalar esasynda düýpli özgertmegi, döwrebaplaşdyrmagy häzirki döwrüň iň wajyp wezipesi hökmünde öňe sürýär. Bu bolsa, döwletimiziň we jemgyýetimiziň geljegi barada alnan ugruň ylmy-tehnologik ösüşe daýanýandygyna güwä geçýär. Ylmy-t

Näme üçin himiýany gowy öwrenmeli? (Bilim we geljek)

«Her gün ir bilen arassa «H2O» içmek siziň saglygyňyza peýdalydyr. Emma köp mukdarda «NaCl» sarp etmeklik siziň saglygyňyza zyýan ýetirip biler. Juda halaýan bolsaňyz hem «C12H22O11» iýmegiňizi çäklendiriň. Çünki aşa köp iýmegiňiz süýji keseline ýol açyp biler. Şeýle-de her gün elleriňizi ýygy-ýygydan «C17H35COONa» bilen ýuwmagy unutmaň!». Käte «Ähli zady himiýa dilinde aýtmaly bolsa nädip bolarka?» diýip pikir edýän. Eger şeýle bolan bolsady, dükana baryp gerek zadymyzyň formulasyny ýadymyza düşürip bilmän ýalňyş maddany alyp gaýdardyk. Ýokardaky saglyk maslahatyndan hem görnüşi ýaly himiýa durmuşyň ähli ýerinde biziň öňümizden çykýar. Ulanýan her bir jisimimiz, iýýän-içýän azyk önümlerimiz, geýýän geýimlerimiz, dem alýan howamyz, hatda ynsan bedeniniň özi hem durky bilen himiýadan ybaratdyr. Eger-de ýokardaky maslahaty okap «suw, nahar duzy, şeker we sabyn» barada gürrüň edilýändigini duýan bolsaňyz, bu siziň himiýadan azda-kände baş çykarýandygyňyzy aňladýar. Eýsem, himiýany has gowy we çuňňur bilmegimiz bize nähili artykmaçlygy gazandyrýar? Geliň, bu barada öwreneliň!

Uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde täze tehnologiýalary ulanmaklygyň wajyplygy

Nebiti we gazy çykarmak hem-de özleşdirmek üçin taýýarlanan täze senagat gorly meýdançalary köpeltmekde ýurdumyzyň Hazarýaka sebitine möhüm orun berilýär. Sebitiň esasy we has uly geologik gurluş düzümi Günbatar Türkmen çöketligidir. Gögerendag — Ekerem zolagynyň Akpatlawukdaky 40-njy guýusyndan nebitiň 207.4 m3/g.g, Gyzylgum epilmesiniň Uzynadadaky 7-nji guýusyndan nebitiň 150 m3/g.g, şol ýerdäki 8-nji guýudan nebitiň 205 m3/g.g, 17-nji guýudan nebitiň 168 m3/g.g göwrümlerdäki senagat akymlarynyň alynmagy onuň geljeginiň uludygyny görkezýär, şeýle hem Balkanýaka belentlik zolagynyň Demirgazyk Goturdepedäki 29-njy guýusyndan nebitiň 300 m3/g.g. göwrümli güýçli akymy alyndy. Bu guýudan demirgazykda gapdallaýyn ugrukdyrma usuly bilen gazylan 147-nji guýy hem aşaky gyzylreňkli çökündilerinde galyň nebitli gatlaklaryň bardygyny görkezdi we synag edilende örän ýokary debitli — 600 t/g.g. nebit akymyny berdi. Bu guýynyň düýp zolagy kenar ýakasyndan 1000 m demirgazyk — günbatarda, ýagny aýlagyň suwlarynyň astynda ýerleşýär we şu güne çenli durnukly işler alnyp barylýar. Bu zolaklarda çuň ýatýan çökündileriň galyňlygy 3600 — 5000 m we 5000 — 7000 m aralyklarda senagat taýdan nebitgazlylygy subut edildi.

Äpet atlaslar

Geografik atlas — bu Ýer üstüniň tebigy we ykdysady-durmuş ýagdaýy baradaky bilimleri, ylmy garaýyşlary jemleýän geografik ensiklopediýa bolmak bilen, dürli ugurlara degişli kartalary, statistik maglumatlary we dürli suratlary özünde jemleýär. Berilýän maglumatlar okamak we öwrenmek üçin aýdyň, düşnükli hem-de elýeterli görnüşde bolýar. Geografik atlaslar şekillendirilýän meýdany, mazmuny, maksady, göwrümi boýunça birnäçe toparlara bölünýär. Häzirki zaman tehnologiýalaryň ösmegi bilen geografik atlaslaryň çap edilen görnüşlerinden başga, kartografik önümleriň kompýuter görnüşine islegler artýar. Internet ulgamynyň ösmegi netijesinde bolsa kagyzsyz kartalary we atlaslary döretmeklige uly üns berilýär. Emma döredilýän kartografik önümleriň diňe bir elektron görnüşini ösdürmek bilen çäklenilmeýär. Adaty däl ululyklarda taýýarlanyp, çap edilýän, bütin dünýäniň adamlaryny haýran galdyrýan kartografik önümler hem bar.

Kitap okaýanyň ruhy baý

Gumdag şäheriniň merkezi kitaphanasy bilen bilelikde mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirdik. Ösüp gelýän ýaş nesli kitaphanalara işjeň çekmek maksady bilen geçiren bäsleşigimiz «Kitap okaýanyň ruhy baý» diýlip atlandyryldy. Bäsleşige gatnaşan okuwçylar onuň şertlerine laýyklykda, çeper eserlerden bölekleri ýatdan aýtmak, goşgulary labyzly okamak boýunça güýç synanyşdylar. Netijede, 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülendam Babanýazowa birinji, 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Öwsegül Hojaberdiýewa ikinji, 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Hanowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan okuwçylara Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Wagta tabyn bolmadyk güýç

Adamzadyň pähim-paýhasyndan dörän mukaddeslikleriň arasynda, şahyryň aýdyşy ýaly, hem akyl, hem duýgy, hem baky lezzet bolan kitap-da bar. Gadymy eždatlarymyz belli bir wagtda belent ýanýan oduň daşyna üýşüpdirler. Gezekli-gezegine öz gören-eşiden zatlaryny söýläpdirler. Wagtyň geçmegi bilen, olaryň arasyndan gürrüň bermäge has ezber adamlar çykypdyr. «Rawy» diýlip atlandyrylan şol kişiler beýan ediljek hekaýata ilki diňleýjileri taýýarlapdyrlar, ýagny olary bir gulaga öwrüpdirler; gussaly, gynançly ýa-da toslama parçalary goşup, gahrymanlaryň hereketlerini dartgynlaşdyrypdyrlar; ýuwaş-ýuwaşdan hekaýatyň çözgüdine ýetipdirler. Soňra ata-babalarymyz daşlary oýup, ilkinji hatlary ýazyp ugrapdyrlar. Ot başyndaky tolgundyryjy gürrüňler, daş ýüzündäki ýazgylar soňlugy bilen kitaby döredipdir. Juda uzak hem-de juda çylşyrymly ýol geçen kitaby ynsanyň adaty bir zat däl-de, eýsem, mukaddeslik saýmagy, elbetde, ýöne ýerden däl. Adam özüni kitap arkaly açdy, ol öz ähmiýetine kitap arkaly göz ýetirdi. Ady dünýä ýaýran iňlis şahyry Jorj Baýronyň: «Müňläp, hatda millionlap adamda pikir döretmek üçin ýekeje damja syýa ýeterlikdir» diýen sözleri özünde örän uly pikiri jemleýär.

Ylym — köňül göwheri

Kämillik mertebesine ýeten, ylym şährini eýelän kişi örän ýokary düşünjä eýedir. Gözi doýgun, köňli giňdir. Olar özgelere çelgi, ýolgörkeziji çyraga öwrüler. Öçmez şemdan ýaly töweregine ýalkym saçar. Bilim ruhy azykdyr, Akyl hem kalp onuň bilen iýmitlenýär. Akyl sandygy gözel düşünjeler we bilim jöwherleri bilen doldurylan ynsanyň mertebesi belent tutulýar. Onuň gadyry bilim bilen beýgelýär.

Paryzdepede arheologiýa barlag işleri

Ýurdumyz gadymy arheologiki ýadygärliklere baýdyr. Şolaryň biri hem Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän, Köpetdagy etekläp oturan gadymy we orta asyr Paryzdepe arheologiki ýadygärligidir. «Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde Paryzdepede degişli arheologiki barlag işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleri tarapyndan meýilnama laýyklykda alnyp barlan möwsümleýin ylmy barlag işleriň netijesinde bu künjekde birnäçe tapyndylar ýüze çykaryldy we häzirki wagtda olary rejelemek hem-de dikeltmek işleri dowam etdirilýär. Paryzdepede gazuw-barlag işlerine 2016-njy ýylda badalga berlip, toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Geçen barlaglarda Paryzdepäniň gadymy taryhy ýadygärliginiň tutýan ýerini, relýefiň şekilini çyzga geçirmek üçin topografiki gözegçilik işleri geçirildi. Topografiýa işleriniň netijesinde müňlerçe ölçeg maglumaty alnyp, ýadygärlik toplumyn

Bilgirjä sowal

Mähriban çagalar, hemmäňizi gyzyklandyrýan sowallar bardyr. Eger-de sowallaryňyza Bilgirjäniň jogap bermegini isleseňiz, olary redaksiýa ugradyp bilersiňiz. – Bilgirje, Nobel baýragy dünýädäki iň görnükli baýraklaryň biri diýip eşidipdim. Bu baýrak barada gürrüň beräýseň!

«Sanly innowasiýalar» bäsleşigi geçirilýär

17-18-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Bilim ministrliginiň guramagynda «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» bäsleşigi geçirilýär. Ýetip gelýän şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan bäsleşige mekdep okuwçylary, talyplardyr ýaş alymlar, hünärmenler işjeň gatnaşýarlar. Olar bäsleşigiň innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar, ýörite ugur, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça programma üpjünçiliklerini, taslamalaryny hödürleýärler. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde guralýan bäsleşikde hödürlenen işleriň derwaýyslygyna, pikir özboluşlylygyna, tehnologik çözgüdine, programmirlemegiň işlenip düzülen diline, interfeýsiniň kämilligine, innowasion täzeçilligine we beýleki aýratynlyklaryna baha berilýär. Gatnaşyjylar onuň ugurlaryna laýyklykda, geljegi uly taslamalar, gyzyklanma döredýän programma üpjünçilikleri bilen öz aralarynda bäsleşýärler. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky ýokary okuw mekdeplerinden bäsleşige gatnaşyjylar taslamalary bilen wideoaragatnaşyk arkaly tanyşdyrý

Ylymda yz goýup, tapdy kemaly

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, jemgyýetimiziň ösüşiniň islendik ugry ylym, bilim bilen baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym ýolunda yz galdyran halypalaryň asylly däplerini mynasyp dowam edýän ýaş nesliň kemala gelmegi ugrunda hem uly aladalar edilýär. Ykbalyny ylma bagyş edýän alymlar öz gymmatly pikirleri, ylmy işleri bilen döwletimiziň pajarlap ösmegine uly goşant goşýarlar. Şeýle alymlaryň biri hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rus dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Agamämmet Ýazmyradow. Ol ady agzalan ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, bu ýerde zähmet ýoluna başlaýar. 1990—1993-nji ýyllarda Moskwa şäherindäki Russiýanyň Bilim akademiýasynyň umumybilim berýän mekdepleri institutynyň rus dilini okatmak merkezinde aspiranturada okady. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, sözleriň gelip çykyşynyň taryhyny öwrenýän alym Nikolaý Maksimowiç Şanskiniň ýolbaşçylygynda «Häzirkizaman rus dilinde işlikleriň leksika-semantik usul bilen ýasalyşy» diýen mowzukdan kandidatlyk dissertasiýasyny gorady we filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine mynasyp boldy

Ynam — ganat

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň bagtyýarlygy hakyndaky alada mähriban Arkadagymyzyň öňe sürýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň şu okuw ýylynyň başynda talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary bilen duşuşmagy we umumy okuw sapagyny geçip, sargytlaryny bermegi joşgunly kalplarymyza täzeçe ruhy joşgun paýlady. Bu taryhy duşuşygyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öň ýanynda geçirilmegi türkmen ýaşlarynyň göwün guşuny Göge göterdi.

Kiberhowpsuzlyk — goraglylyk binýadynyň mizemezligi

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt, umumadamzat bähbitli döwlet maksatnamalary, ilkinji nobatda, halkymyzyň, şeýle-de dünýä jemgyýetçiliginiň agzybirlikde bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan ynsanperwer durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň intellektual kuwwatlylygynyň has-da berkeýändigine, Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarylýandygyna durmuşa geçirilýän döwlet bähbitli işler aýdyň şaýatlyk edýär. Ýokary tehnologiýalaryň ulanylýan döwründe dünýä jemgyýetçiliginde sanly ulgamy ornaşdyrmak ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Şol nukdaýnazardan, häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly ulgama geçilip, wagty tygşytlamak bilen birlikde, raýatlara halkara derejede hyzmat etmek mümkinçilikleri giňeldi we talabalaýyk iş öndürijiliginiň artmagy gazanyldy. Has dogrusy, sanlylaşdyrmak işleri hereket edip, ykdysadyýetimizde möhüm ädimler we iri meýilnamalar amala aşyryldy.

Ylym — ösüşlere badalga

Dünýäde ylym we tehnika görlüp-eşidilmedik derejede tiz ösýär hem-de adamzada giňişleýin hyzmat edýär. Gazanylýan ylmy ösüşler halklaryň, ýurtlaryň dostana gatnaşyklary we birek-birege ynanyşmak arkaly gazanan netijeleridir. Ylmy, medeni we ykdysady gatnaşyklaryň netijesinde gazanylýan ösüşleriň durmuşymyzy bezeýän döwründe bilim-ylym işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan, ýaş alymlardan, talyplardan edilýän talaplar hem güýçlenýär. Çünki ylmyň iň täze gazananlaryny öwrenmek işiňe, okuwyňa ornaşdyrmak üstünlikleriň altyn açarydyr. Ylmyň dürli ugurlary boýunça iň täze gazanylan netijelerden, açyşlardan habarly bolmak ýerine ýetirýän işiň has-da göwnejaý bolmagynyň girewidir. Hut şonuň üçin hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplary we mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň her bir ylmy işgäri maglumat alyp biler ýaly, internet ulgamynyň hemmetaraplaýyn, giňişleýin ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Zehinli ýaşlar tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işlere çekilýär. Eziz Diýarymyzda milli ýörelgelere hem-de dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplarynyň, gollanm

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri: milli we halkara tejribesi

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) 16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde, hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini, tehnologiýalary öndürmäge ýöriteleşdirilen «Masdar» kompaniýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyş çäresiniň geçirilendigi, geljekde serhetýaka etraplaryň birinde Gün şöhlesinden energiýa öndürýän köpugurly bekediň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň mümkinçilikleriniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygynyň habar berilmegi bu ulgamdaky işleriň barha işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Dünýäniň täsin kitaphanalary

Aleksandriýa kitaphanasy Gadymy Müsür özünde ençeme syrlary saklaýar. Olaryň biri hem Aleksandriýa kitaphanasy bolup, ol ýerde gadymyýetiň meşhur akyldarlarynyň köp sanly eserleri saklanypdyr. Biziň eýýamymyzdan öň III asyrda Müsüriň patyşasy Ptolemeý I Soter tarapyndan iň uly kitaphana we ylmy merkez esaslandyrylýar. Ol beýleki döwletleriň hökümdarlaryna kitaphana üçin golýazmalary ugratmaklaryny haýyş edip, ýüz tutýar. Ptolemeýiň mirasdüşerleri Ýewropanyň, Kiçi Aziýanyň we Demirgazyk Afrikanyň şäherlerine manuskriptleri, kartalary we beýleki gymmatly eserleri ýygnamak üçin bilermenleri ugradýarlar. Kitaphananyň üstüni doldurmak üçin Aleksandriýa giren her bir gäminiň bortundaky ähli külterlenen golýazmalar nusgalanýan eken. Ýüzden gowrak alym kitaplary ýygnamak, terjime etmek, nusgalamak işleri bilen meşgul bolupdyr.

Ylym we bilim barada

Islendik kitap akylly dost ýalydyr. Sähel ýadadanyny bildigi sesini goýýar, sessiz-üýnsüz akyl berýär. Boş gezip ýören wagtyňam onuň beren ündewleri saňa kömek edýär. Lope de Wega.

Adamzadyň köňül nagşy

Ruhy gymmatlyklaryň hazynasy bolan kitaphanalar adamlaryň ylym-bilim almagyna, kämillige ýetmegine, düşünjesiniň artyp, dünýägaraýşynyň giňelmegine hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz «Medeniýet — halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär. Ýokary çeperçilikli we hakyky sungat eserleri umumadamzat baýlygyna öwrülýär» diýip belleýär. Ýurdumyzda medeniýet, ylym-bilim, kitaphana ulgamlaryndaky öňegidişlikleriň jemgyýetimiziň ösüşine edýän täsiri örän uludyr. Şundan ugur alnyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda kitaphana hünärmenleriniň arasynda «Türkmenistan milli Lider bilen ösüş ýolunda» atly hünär bäsleşigi geçirildi. Ol ýurdumyzda şu ýylda giňden bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip, yglan edilmegine bagyşlandy.

Nebit çykarmagyň mehanizmleşen usullary barada

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Goturdepede we Barsagelmezde guýularyň özboluşly ulanyş şertlerini nazarda tutup, «Tatneft» kompaniýasynyň mehaniki garyndylara çydamlylygy bilen tapawutlanýan УВНН-5, УЭЦНИ-5, ВНН-5, ЭЦНМ-5 kysymly döwrebap enjamlaşdyrylan elektrik merkeze ymtylyş sorujylary indi birnäçe ýyl bäri bu känlerde peýdalanylýar. Bu sorujylar guýynyň içine diametri 2,5 dýuým göteriji turbalaryň aşaky ujuna çatylyp goýberilýär. Bu usula geçirilen guýularyň köpüsi nebitiniň düzüminde suwy köp bolan ýa-da dürli sebäplere görä wagtlaýyn hereket etmeýän guýulardyr. Olar ulanyşa girizilenden soň birnäçe aýlap ýa-da bir ýyla golaý abatlanman işleýärler. Olaryň durnukly işlemeklerini çäklendirýän beýleki usullara mahsus bolan faktorlar — çykarýan suwuklygynyň düzüminde kadadan köp ergin gazyň we mehaniki garyndylaryň (çägäniň, duzuň we ş.m.) bolmagydyr.