«Sanly innowasiýalar» bäsleşigi geçirilýär

18 Noýabr 2021
2588

17-18-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Bilim ministrliginiň guramagynda «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» bäsleşigi geçirilýär. Ýetip gelýän şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan bäsleşige mekdep okuwçylary, talyplardyr ýaş alymlar, hünärmenler işjeň gatnaşýarlar. Olar bäsleşigiň innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar, ýörite ugur, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça programma üpjünçiliklerini, taslamalaryny hödürleýärler.

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde guralýan bäsleşikde hödürlenen işleriň derwaýyslygyna, pikir özboluşlylygyna, tehnologik çözgüdine, programmirlemegiň işlenip düzülen diline, interfeýsiniň kämilligine, innowasion täzeçilligine we beýleki aýratynlyklaryna baha berilýär. Gatnaşyjylar onuň ugurlaryna laýyklykda, geljegi uly taslamalar, gyzyklanma döredýän programma üpjünçilikleri bilen öz aralarynda bäsleşýärler. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky ýokary okuw mekdeplerinden bäsleşige gatnaşyjylar taslamalary bilen wideoaragatnaşyk arkaly tanyşdyrýarlar.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».