Adamzadyň köňül nagşy

1 Noýabr 2021
2516

Ruhy gymmatlyklaryň hazynasy bolan kitaphanalar adamlaryň ylym-bilim almagyna, kämillige ýetmegine, düşünjesiniň artyp, dünýägaraýşynyň giňelmegine hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz «Medeniýet — halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär. Ýokary çeperçilikli we hakyky sungat eserleri umumadamzat baýlygyna öwrülýär» diýip belleýär.

Ýurdumyzda medeniýet, ylym-bilim, kitaphana ulgamlaryndaky öňegidişlikleriň jemgyýetimiziň ösüşine edýän täsiri örän uludyr. Şundan ugur alnyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda kitaphana hünärmenleriniň arasynda «Türkmenistan milli Lider bilen ösüş ýolunda» atly hünär bäsleşigi geçirildi. Ol ýurdumyzda şu ýylda giňden bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip, yglan edilmegine bagyşlandy.

Çemen ANNABERDIÝEWA,
«Watan».