Uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde täze tehnologiýalary ulanmaklygyň wajyplygy

6 Dekabr 2021
1958

Nebiti we gazy çykarmak hem-de özleşdirmek üçin taýýarlanan täze senagat gorly meýdançalary köpeltmekde ýurdumyzyň Hazarýaka sebitine möhüm orun berilýär. Sebitiň esasy we has uly geologik gurluş düzümi Günbatar Türkmen çöketligidir.

Gögerendag — Ekerem zolagynyň Akpatlawukdaky 40-njy guýusyndan nebitiň 207.4 m3/g.g, Gyzylgum epilmesiniň Uzynadadaky 7-nji guýusyndan nebitiň 150 m3/g.g, şol ýerdäki 8-nji guýudan nebitiň 205 m3/g.g, 17-nji guýudan nebitiň 168 m3/g.g göwrümlerdäki senagat akymlarynyň alynmagy onuň geljeginiň uludygyny görkezýär, şeýle hem Balkanýaka belentlik zolagynyň Demirgazyk Goturdepedäki 29-njy guýusyndan nebitiň 300 m3/g.g. göwrümli güýçli akymy alyndy. Bu guýudan demirgazykda gapdallaýyn ugrukdyrma usuly bilen gazylan 147-nji guýy hem aşaky gyzylreňkli çökündilerinde galyň nebitli gatlaklaryň bardygyny görkezdi we synag edilende örän ýokary debitli — 600 t/g.g. nebit akymyny berdi. Bu guýynyň düýp zolagy kenar ýakasyndan 1000 m demirgazyk — günbatarda, ýagny aýlagyň suwlarynyň astynda ýerleşýär we şu güne çenli durnukly işler alnyp barylýar. Bu zolaklarda çuň ýatýan çökündileriň galyňlygy 3600 — 5000 m we 5000 — 7000 m aralyklarda senagat taýdan nebitgazlylygy subut edildi.

Arslan ANNAMYRADOW,
«Türkmengeologiýa» DK-nyň Geologiki maglumatlary merkeziniň Guýy maglumatlary toparynyň başlygy.