"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Wodorod energetikasy barada

Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem energetika diplomatiýasydyr. Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar we bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. «Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasy» işlenip düzüldi we tassyklanyldy. Bu taslamanyň esasy maksady pes uglerodly energiýany we wodorod ýangyjyny ösdürmek baradaky halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekden, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan we pugtalandyrmakdan zerur bolan çäreleri amala aşyrmakdan ybarat bolup durýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça milli strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam bermek, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda ösýän we eksporta gönükdirilen wodorod energetika pudagyny döretmek zerur bolup durýar. Bu «Ýol kartasynyň» üstünlikli durmuşa geçirlmegi ýurtda düýpgöter täze we geljegi uly bolan pudagyň döremegine goşant goşar. Hususan-da, soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodoro

Halkara bäsleşikde gazanylan üstünlik

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň iňlis dili hünäriniň I ýyl talyby Begenç Salamatow Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan iňlis dili dersi boýunça geçirilen I halkara internet olimpiadasynda üçünji baýrakly orna mynasyp boldy. Halkara bilim bäsleşigine dünýäniň 17 döwletinden 600-den gowrak talyp gatnaşdy. Daşary ýurtly mugallymlardyr talyp ýaşlar wideoaragatnaşyk arkaly bu çärä goşuldylar.

Umu­ma­dam­zat gym­mat­ly­gy

Ýaş alymlar geňeşi ylma höwesjeň ýaşlaryň merkezi

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, maksada okgunly we kämil şahsyýetler bolup kemala gelmekleri babatynda oňyn işler durmuşa geçirilýär. Ylaýta-da, ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlaryň döwrebap derejede bilim alyp, Türkmenistanyň dürli pudaklarynda geljekde netijeli zähmet çekjek ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Şeýle hem, talyplaryň arasyndan ylma höwesjeň, zehinli, başarjaň ýaşlary saýlap almak hem-de olary ylma atarmak, oýlap-tapyşlara ugrukdyrmak üçin ýurdumyzyň ylym ojaklary, ýokary okuw mekdepleri we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan toplumlaýyn çemeleşilýär. Şol mynasybetli, 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezi döredildi. Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleri we ylmy institutlary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hem halypa-şägirtlik mekdebini ýola goýmak maksady bilen jemgyýetçilik başlangyjy esasynda döredilen Ýaş alymlar geňeşi hereket edýär. Meýilnamalarda göz öňünde tutulyşy ýaly, Ýaş alymlar geňeşi tarapyndan institutyň ylmy gurnaklarynyň

Seýisçiligiň ylmy beýany

Döwür bilen deň gadam basýan ylmyň we tejribäniň gazanan netijelerini beýan edýän gyzykly maglumatlar kitaplarda jemlenendir. Ýakynda şeýle kitaplaryň ikisi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň ýardam bermeginde çap edildi. «Aty saýlamagyň düzgünleri», «Ahalteke atlaryna çylşyrymly tilsimleri öwretmegiň sungaty» atly ylmy-amaly gollanma bolan bu ylmy kitaplaryň awtorlary Türkmenistanyň Halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýew hem-de S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Myrat Rejepgulyýewdir. «Aty saýlamagyň düzgünleri» atly ylmy-amaly gollanmada atlaryň daşky beden gurluşy, olaryň kuwwatlylygy, ýyndamlygy ýaly fiziki häsiýetleri, olary saýlap-seçmek babatda maglumatlar berilýär. Gollanma ahalteke atlaryny seçgi-tohumçylyk işlerinde saýlap almakda, şeýle hem atçylyk we weterinar lukmançylygy hünärleriniň talyplary, atçylyk hünärmenleri, zoologlar we zootehnikler üçin peýdaly bolar.

Ylym bagtyň açarydyr

 «7-24.tm», № 20 (103), 16.05.2022  Ynsany ruhy taýdan kämillige atarýan ilkinji ädim ylym-bilimden başlanýar. Ylym öwrenmek, bilimiňi baýlaşdyryp, Watan üçin bähbitli açyşlary etmek, milli ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşmak, hünäriňi kämilleşdirmek sogaply iş hasaplanylýar. Geçmişini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan merdana türkmen halky «Ylym – akylyň ýarysy», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly – müň», «Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize – guwanç» ýaly halk nakyllaryny, atalar sözüni döredip, gadymy döwürlerden bäri ylymdyr bilime aýratyn uly üns beripdirler. Ylym-bilim adamzat aňyny, jemgyýeti öňe alyp barýan güýçdür, şamçyragdyr.

Ylym — kämilligiň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň il-ýurt bähbitli ýol-ýörelgelerini doly kemala getirmekde, ony milli aňyýetiň mazmunyna ornaşdyrmakda we halkyň ruhy ýaşaýşyna oňyn täsir etmekde ylym-bilimiň örän uly ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär we ýaş hünärmenler kemala gelýär. Bu günki ýaşlara gadymdan gelýän milli ýörelgelerimiz ylmy esasda öwredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly türkmen jemgyýetiniň durmuşyna ýalkym çaýýar. Taryhyň sahypalaryna ser salanymyzda, ata-babalarymyzyň ösen medeniýetleri döredendiklerine, ylym-bilimiň ösmegine goşant goşandyklaryna, döredijilikli ýaşamagy başarandyklaryna aýdyň göz ýetirýärsiň. Ruhy tämiz, kalby päk, ahlagy arassa, dünýägaraýşy giň, süýji dilli, halallygy hemişe özüne ýaran edinen ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň ýurtda amala aşyrýan beýik işleriniň özenini düzýär. Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde kämil terbiýäniň, kämil bilimiň binýady dilden, sözleýiş medeniýetinden başlanýar. Sebäbi ynsan gözelligi şirin dilden, kalby päklikden gözbaş alýar. Ýaşlarda ene dilimize söýgi döretmek, olaryň köp dil bilmeklerini üpjün etmek h

Belent üstünlikleriň şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde, ylym, bilim ulgamlaryny ýokary derejelere götermekde, täze tehnologiýalary we innowasiýalary önümçilige ornaşdyrmakda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ylmy-tehniki ulgamynyň ýagdaýynyň seljerilmesi ylmy barlaglaryň derejesini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmagyň, olaryň netijelerini ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylmagyny üpjün etmegiň, Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň möhüm ähmiýetli we ileri tutulýan ugurlaryny aýdyňlaşdyrmagyň hem-de döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny görkezýär.

Ylym äleminde giň ýol

Öňde bir akyldar kişi kowum-puşduna: «Eger-de ýaşaýyş-durmuş aladaňyz bary-ýogy bir ýyllyk bolsa, bugdaý ekiň, eger ol 5 — 10 ýyllyk bolsa miweli, ir-iýmişli baglary ýetişdiriň. Aladaňyz has uzagyny — ýaşaýyş-durmuş ýörelgäňiziň dowamat-dowam bolmagyny nazarlaýan bolsa, onda özüňize mynasyp nesli kemala getiriň. Oňa hat-sowat, ylym-bilim hem edep-terbiýe beriň» diýip wesýet edipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem halkymyzyň milli ýörelgelerine ygrarlylyk bilen, ýaş nesliň kämil ylym-bilimli, döwrebap düşünjeli hem giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmegi ugrundaky tagallalar üstünlikli dowam etdirilýär. Muňa üstümizdäki «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginiň deslapky saýlama tapgyrlarynyň ýokary guramaçylykda geçirilendiginiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Döwlet derejesindäki bäsleşigiň düzgünleri, onuň ýaş alymlary ýüze çykarmakdaky ähmiýeti we beýleki aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Ýazpolat KERIÝEWE öz sowallarymyz bilen ýüz tutduk. — Ýazpolat, Türkmenistanyň Ylymlar akadem

Talyp gyzyň üstünligi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Ajap Batyrowa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralan onlaýn bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu bäsleşik bedenterbiýe we sport adalgalary boýunça geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň 10-syndan 80-den gowrak talyp gatnaşdy.

Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy: «Ýaşyl» ösüş. Wodorod energetikasy. Döwrüň zerurlygy

Üns berýän bolsaňyz, soňky ýyllarda halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň tejribesinde «ýaşyl» ösüş bilen baglanyşykly kän-kän täze düşünjelerdir adalgalar peýda bolýar. «Ýaşyl» ykdysadyýet, «ýaşyl» geljek, energiýanyň alternatiw görnüşleri, howanyň ählumumy maýlamagy we onuň täsirlerine uýgunlaşmak, ösüşi maliýeleşdirmek, pes uglerodly energetika, parnik gazlary, ozon gatlagynyň ýukalmagy, Pariž ylalaşygy, howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyny 1,5oC derejede saklamak, howa sammitleri, ekoişjeňlik... ýaly düşünjeler bu gün hemmeleri adamzadyň umumy öýünde howanyň üýtgemegi zerarly ýüze çykýan çökgünlige garşy bilelikde göreşmäge çagyryş bolup ýaňlanýar. Elbetde, «A» harpdan başlap, Aýa çenli baryp ýeten adamzadyň intellektual ukyp-başarnyklarynyň, adam aňy bilen döredilen innowasion tehnologiýalardyr nou-haularyň mümkinçilikleri tükeniksiz. Ýöne soňky onýyllyklarda tebigata ýetirilýän antropogen täsirler we howanyň ählumumy maýlamagy zerarly bolup geçýän hadysalar dünýä jemgyýetçiligini uly howsala saldy. Hut şu mesele hem «ýaşyl» geljegi gurmak babatda örän paýhasly, toplumlaýyn, sazlaşykly tagallalara zerurlygy barha artdyrýar. «Daşky gurşaw hakynda aladalanmazdan, dünýä döwletleriniň we halklarynyň durmuş hem-de yk

Dürler hazynasy

Durmuşda dogry ýoly salgy berýän dost kitapdyr. Ol bilimleriň çeşmesi bolup hyzmat edýär, dünýägaraýşyň giňelmegine täsir edýär. Biziň her birimiz özümizi gyzyklandyrýan soraglara jogaplary kitabyň üsti bilen tapyp bilýäris. Olaryň terbiýeçilik ähmiýeti hem ýokary bolup, ündelýän pikirler ynsany diňe ýagşy ýola atarýar. Eziz Diýarymyzda medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülen kitaplara goýulýan hormat-sarpa has-da artýar. Halkymyzyň dünýägaraýşyny giňeltmek, ýaşlaryň bilim derejesini dünýäniň ösen ülňülerine çykarmak üçin ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň kitap hazynasy barha baýlaşýar. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde hem oňat abzallaşdyrylan kitaphanalaryň bardygy guwandyrýar. Olarda diňe okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň däl-de, çeper edebiýatlaryň, ylmy we ensiklopedik eserleriň bolmagy ýaş nesliň kämilleşmegi üçin hemme şertleriň döredilýändiginiň subutnamasydyr.

Halkara bilim bäsleşikleri: kämillik mekdebi

Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji pursatlarynda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almaklary üçin edilýän aladalaryň has ýokary derejelere çykaryljakdygyny aýtdy. Bu aýdylanlar eýýäm öz miwesini berip başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde hem habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalaryny geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary her ýyl halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerine we olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar hem-de Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýärler. Soňky ýyllarda bolsa ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdeplerinde hem şeýle halkara bilim bäsleşikleri guralyp, olara dünýäniň dürli künjeklerinden zehinli ýaşlaryň gatnaşmaklary üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlarymyzyň daşary döwletlerdäki deň-duşlary bilen bäsleşip, has çuňňur bilimiň we hünäriň eýesi bolmaklaryny üpjün edýär. Şu aýda halkara internet olimpiadasyny geçirjek ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty hem bar. Biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde, Hökümet mejlisinde hem habar berl

Ylym we döwrebap tehnologiýalar

Ussat mugallym

 «7-24.tm», № 18 (101), 02.05.2022 Ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmek bilim ulgamynda esasy wezipe bolup durýar. Şol wezipäni ýerine ýetirmekde Baýramaly şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli  matematika mugallymy Akja Garýagdyýewa özüniň asylly zähmetini we baý iş tejribesini döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary sowatly, başarjaň, ukyply edip ýetişdirmäge sarp edýär.

Nebitiň we gazyň toplanmagy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Başlangyç toplanma şu ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň netijesinde amala aşýar: uglewodorod gazlarynyň suwdan (nebitden) subkapillýar köpürjikler görnüşinde, erginden gazlaryň diffuziýasynyň netijesinde irelmegi we kiçi ölçegli köpürjikleriň has uly köpürjiklere birleşmegi; temperaturanyň peselmegi bilen suwly erginlerden suwuk uglewodorodlaryň bölünip çykmagy we minerallaşmanyň ýokarlanmagy bilen olaryň ýaglanmagy hem-de soňra emele gelen damjalaryň koalessensiýasy (koalessensiýa — damjalaryň biri-biri bilen birleşme hadysasy), suwuk uglewodorodlaryň misellýar (misellýar — has owunjak bölekler) erginleriniň elekden geçme bölünmegi we ýarym geçirijilikli (syzdyryjylykly) ekranyň içinden suwuň süzülmeginiň netijesinde olaryň emulsiýasy; suwuk uglewodorodlaryň gazkondensat erginlerden bölünip aýrylmagy. Başlangyç toplanmanyň mehanizminde heniz köp näbellilikler bar. Ähtimal, onuň aýry-aýry bölekleri we ýagdaýlary başlangyç göçmede eýýäm bardyr, onuň netijesinde nebit we gaz öndüriji dag jynslaryndan erkin faza görnüşinde göçüp biler.

Bähbitli barlaglar

Häzirki wagtda energiýanyň iň möhüm aýratynlyklaryndan biri, ol hem onuň her günde diýen ýaly sarp edilişiniň barha artýandygydyr. Ýangyjyň dünýä bazarynda bahasynyň ýokarlanmagy, energiýany öndürmegiň we toplamagyň täze usullaryny gözlemäge mejbur edýär. Energiýany öndürmegiň adaty usullary bilen bir hatarda, ony öndürmegiň adaty bolmadyk görnüşleri, ýagny, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna energiýany öndürmek ähli ýurtlarda diýen ýaly ýola goýuldy we ylmy taýdan öwrenilýär. Energiýany gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna öndürmek bilen bir hatarda ony toplamak, ýagny, Gün gyzdyryjylarynyň (Gün kollektorlarynyň) hasabyna öndürilen ýylylyk energiýasyny agşamlaryna ýa-da gijelerine peýdalanmak üçin ýörite gurluşlary ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Häzirki wagtda bu gurluşlar giňden peýdalanylyp gelinýär.

Nebitiň we gazyň toplanmagy

Türkmenistanyň çäginde nebitgaz ýataklarynyň esasy bölegi ýurdumyzyň günorta-günbatar, gaz-gazkondensat ýataklarynyň esasy bölegi bolsa merkezi, gündogar we günorta-gündogar çäklerinde jemlenen. Munuň şeýle bolmagy ýerasty gatlaklarynyň onlarça million ýyllaryň dowamynda geologik ösüş taryhy, tektoniki hereketler, ýerasty jaýrylmalar, paleogeografik, litologik-fasial, organiki maddalaryň, nebit we gaz emele getiriji dag jynslarynyň ýaýraýşy, duzaklaryň, ýataklaryň örtükleriniň, gidrogeologik, termobariki, şeýle-de soňra bolup geçýän dürli hadysalar bilen şertlendirilen. Ýeriň jümmüşinde nebitiň, gazyň we gaz kondensatynyň toplanmagynyň dürlüligi ýokarda sanalyp geçilen şertler bilen gös-göni bagly. Şu makala taýýarlananda nebitiň we gazyň toplanmagy barada çap edilen edebiýat çeşmelerinden hem peýdalanyldy.

Ýaşlar hakda söz

«7/24.tm», №17 (100), 25.04.2022 Ýaşlyk — güýç, hyjuw, terlik, täzelik, ynam, maksat, durmuşa, tebigata, dünýä, adamlara egsilmez söýgi. Ýaşlyk ynsanyýeti, jemgyýeti öňe äkidiji täze pikirleriň çeşmesidir, şu dury çeşmäniň suwy ýaşaýşa okgunlylyk berýär, ony özgerdýär, düýbünden täze keşbe, janlylyga besleýär.

Suwaryş: has tygşytly usul

Suwy tygşytlamakda türkmen alymlary tarapyndan oýlanyp tapylan täze usullar barada ýörite habarçymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty Aşyrmuhammet SAPARMYRADOW bilen gürrüňdeş boldy. — Aşyrmuhammet aga, suwuň her damjasyny altyn dänesine deňäp, ony tygşytly ulanmak bizde ýörelge bolup galypdyr. Bu ugurda has kämil usuly oýlap tapmak üçin ylymdyr tehnologiýanyň giň mümkinçiliklerini iş ýüzünde ulanmagyň ähmiýeti, derwaýyslygy barha artýar.