Ylym we döwrebap tehnologiýalar

3 Maý 2022
1693

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym-bi­lim tä­ze ösüş­le­re bes­len­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly hü­när­men­le­ri ýe­tiş­dir­mek, yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry­ny dur­mu­şa or­naş­dyr­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Şun­da san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bar­dyr, çün­ki bu tä­ze ugur okat­ma­gyň döw­re­bap usul­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­ýär. Biz san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň iş­jeň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len uzak ara­lyk­dan oka­dyl­ýan­dy­gy­ny, on­laýn mas­la­hat­la­ryň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni gör­ýä­ris. Şeý­le hem bi­lim por­tal­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi, elekt­ron ki­tap­la­ryň hö­dür­len­me­gi ýa­ly ugur­lar bi­lim ber­mek­de iň tä­ze ugur­lar ha­sap­lan­ýar. Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, ýaş­la­ryň oka­dyl­ýan sa­pa­gy tiz öz­leş­dir­mek­le­ri­ne, ki­tap­lar bi­len tiz ta­nyş­mak­la­ry­na ýar­dam ed­ýär.

Her dö­wür­de teh­ni­ki se­riş­de­le­riň ösü­şi ada­myň te­bi­ga­tyň ka­nun­la­ry­na akyl ýe­ti­riş we ola­ry tej­ri­be­de ula­nyş uky­by­na bag­ly bo­lup­dyr. Yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň bin­ýa­dyn­da yn­sa­nyň akyl zäh­me­ti bar­dyr. Şo­nuň üçin hem bu ug­ruň ös­dü­ril­me­gi yn­sa­nyň aň-dü­şün­je­si­niň ös­me­gi, yl­myň bar­ha giň müm­kin­çi­lik­le­re eýe bol­ma­gy ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar. Şo­nuň üçin ýaş­la­ryň di­ňe bir teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­mak­la­ry däl-de, eý­sem, ola­ryň zäh­met­sö­ýer bol­ma­gy, ukyp­la­ry­ny açyp bil­mek­le­ri esa­sy ze­rur­lyk­dyr. Bu ba­bat­da ýur­du­myz­da giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Ge­çi­ril­ýän yl­my du­şu­şyk­lar, mas­la­hat­lar, şeý­le hem ýaş­la­ryň ara­syn­da­ky bäs­le­şik­ler mu­ňa aý­dyň my­sal bo­lup bi­ler.

Ogul­ge­rek NY­ÝAZ­DUR­DY­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.