Seýisçiligiň ylmy beýany

24 Maý 2022
1257

Döwür bilen deň gadam basýan ylmyň we tejribäniň gazanan netijelerini beýan edýän gyzykly maglumatlar kitaplarda jemlenendir. Ýakynda şeýle kitaplaryň ikisi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň ýardam bermeginde çap edildi. «Aty saýlamagyň düzgünleri», «Ahalteke atlaryna çylşyrymly tilsimleri öwretmegiň sungaty» atly ylmy-amaly gollanma bolan bu ylmy kitaplaryň awtorlary Türkmenistanyň Halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýew hem-de S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Myrat Rejepgulyýewdir.

«Aty saýlamagyň düzgünleri» atly ylmy-amaly gollanmada atlaryň daşky beden gurluşy, olaryň kuwwatlylygy, ýyndamlygy ýaly fiziki häsiýetleri, olary saýlap-seçmek babatda maglumatlar berilýär. Gollanma ahalteke atlaryny seçgi-tohumçylyk işlerinde saýlap almakda, şeýle hem atçylyk we weterinar lukmançylygy hünärleriniň talyplary, atçylyk hünärmenleri, zoologlar we zootehnikler üçin peýdaly bolar.

Hojanazar GYLYJOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.