Halkara bilim bäsleşikleri: kämillik mekdebi

4 Maý 2022
1553

Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji pursatlarynda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almaklary üçin edilýän aladalaryň has ýokary derejelere çykaryljakdygyny aýtdy. Bu aýdylanlar eýýäm öz miwesini berip başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde hem habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalaryny geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary her ýyl halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerine we olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar hem-de Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýärler. Soňky ýyllarda bolsa ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdeplerinde hem şeýle halkara bilim bäsleşikleri guralyp, olara dünýäniň dürli künjeklerinden zehinli ýaşlaryň gatnaşmaklary üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlarymyzyň daşary döwletlerdäki deň-duşlary bilen bäsleşip, has çuňňur bilimiň we hünäriň eýesi bolmaklaryny üpjün edýär.

Şu aýda halkara internet olimpiadasyny geçirjek ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty hem bar. Biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde, Hökümet mejlisinde hem habar berlişi ýaly, 17-nji maýda iňlis dili dersi boýunça I halkara internet olimpiadasy geçiriler. Häzirki wagtda institutda bu halkara bäsleşigini ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görülýär. Eýýäm dünýä döwletleriniň birnäçesinden bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutmalar gelip başlady. Olar hasaba alnyp, bäsleşigiň düzgünnamasy barada maglumatlar berilýär.

Maýagül NURMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus edebiýaty kafedrasynyň mugallymy.