"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Su­per Ku­bo­gy hem «Ba­ýer» eýe­le­di

Ger­ma­ni­ýa­da ge­çen möw­süm­de ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny hem-de 2-nji ge­zek ýur­duň ku­bo­gy­ny ga­za­nan «Ba­ýer» to­pa­ry Su­per Ku­bo­ga hem my­na­syp bol­dy. Bu ugur­da wi­se-çem­pi­on «Ştut­gart» bi­len du­şu­şan le­wer­ku­zen­li­ler ýe­ne-de soň­ky mi­nut­lar­da ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy­lar. 11-nji mi­nut­da Bo­ni­feý­siň go­ly bi­len öňe ge­çen «Ba­ýe­riň» der­we­ze­sin­den 15-nji mi­nut­da Mil­lo ha­sa­by deň­län go­ly gi­riz­di. 37-nji mi­nut­da «Ba­ýer­den» Mar­tin Ter­rie gy­zyl kart al­dy. 63-nji mi­nut­da De­niz Un­daw «Ştut­gart» to­pa­ry­ny 2-1 ha­sa­byn­da öňe çy­kar­dy. 73-nji mi­nut­da oý­na gi­ren Pat­rik Şik 88-nji mi­nut­da ha­sa­by deň­le­di. Goş­ma­ça wagt be­ril­mez­den, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da «Ba­ýer» 4-3 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, il­kin­ji ge­zek Ger­ma­ni­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­ny eýe­le­di. Le­wer­ku­zen­li­ler bu ku­bo­gy ga­za­nan 9-njy to­par bol­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy du­şu­şy­gy il­kin­ji ge­zek 1987-nji ýyl­da ge­çi­ri­lip, «Ba­wa­ri­ýa» 10, «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» 6, «Wer­der» 3 ge­zek ýeňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­

Iki­si-de 15-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy

Ten­nis bo­ýun­ça ABŞ-da ge­çi­ri­len «Sin­sin­na­ti Açyk» ýa­ry­şyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da ita­li­ýa­ly Ýan­nik Sin­ner, ze­nan­lar­dan be­la­rus­ly Ary­na Sa­ba­len­ka ýe­ňi­ji bol­dy. «Mas­ters 1000» ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bäs­le­şi­giň er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­na­lyn­da Sin­ner ýer eýe­le­rin­den ame­ri­ka­ly Fran­ses Tia­fou­ny 7:6 we 6:2 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu onuň 3-nji «Mas­ters» çem­pi­on­ly­gy bo­lup, ol mart­da Ma­ýa­mi­de, ge­çen ýy­lam Ka­na­da­da «ATP 1000» ýa­ryş­la­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Bu onuň umu­my­lyk­da 15-nji ATP Ku­bo­gy­dyr.

Çem­pio­nyň 25-nji ýeň­şi

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 11-nji ýa­ry­şy Awst­ri­ýa «Gran Pri­sin­de» «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si Fran­çes­ko Ba­naia ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 28 aý­la­wy 42 mi­nut 11,173 se­kunt­da ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 7-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 25-nji ýeň­şi hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Ýa­ryş­da 1-nji ha­tar­dan bat alan «Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Hor­ge Mar­tin ýe­ňi­ji­den 3,323 se­kunt yza ga­lyp, 2-nji or­ny eýe­le­di. Ýe­ňi­ji­niň hem to­par­da­şy, hem-de wa­tan­da­şy Enea Bas­tia­ni­ni 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Ge­çi­ri­len 11-nji ýa­ryş­dan soň Fran­çes­ko Ba­naia 275 utuk bi­len tä­ze­den sa­na­wyň 1-nji or­nu­na beý­gel­di. 2-nji ýer­dä­ki Hor­ge Mar­ti­niň 5 utu­gy kem, 270 utu­gy bar. Enea Bas­tia­ni­ni 214 utuk bilen 3-nji or­na geç­di.

Meş­hur se­ria­lyň 2-nji möw­sü­mi

HBO-nyň meş­hur se­ri­al­la­ryn­dan «The Last of Us» ek­ran ese­ri­niň 2-nji möw­sü­mi­niň ýaý­ly­ma be­ril­jek se­ne­si mä­lim edil­di. Anyk wag­ty aý­dyl­ma­sa-da, 2025-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çyk­jak se­ria­lyň to­mus­da to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri ta­mam­la­nan 2-nji möw­süm­de ýe­ne-de Ped­ro Pas­kal, Bel­la Rem­zi, Gab­ri­el Lu­na da­gy esa­sy keşp­le­ri jan­lan­dy­rar­lar. Ola­ryň ha­ta­ry­na Iza­be­la Mer­sed, Jeff­ri Raýt, Ke­it­len De­wer, Ýang Ma­zi­no, Ka­te­rin O’Ha­ra ýa­ly meş­hur ar­tist­ler hem go­şu­lar. Se­ri­al ady­bir komp­ýu­ter oý­nu­nyň ikin­ji nus­ga­sy esa­syn­da su­ra­ta dü­şü­ril­di. Se­ria­lyň 1-nji möw­sü­mi 2023-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çy­kyp, köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nyp­dy. Se­ri­al 8 ugur­dan «Em­my» baý­ra­gy­ny eýe­läp­di.

Kino täzelikleri

Iň­lis ýa­zy­jy­sy Wil­li­am Şeks­pi­riň «Korol Lir» (King Le­ar) at­ly pýesasy esa­syn­da ek­ran­laş­dy­ryl­jak «Le­ar Rex» at­ly fil­miň kas­tin­gi­ne ýe­ne-de os­kar­ly ar­tist­le­riň 2-si go­şul­dy. Ber­nard Ro­uz ta­ra­pyn­dan su­ra­ta dü­şü­ril­jek film­de akt­ýor Al Pa­çi­no bi­len akt­ri­sa Jes­si­ka Çes­teýn hem keşp jan­lan­dy­rar. Al Pa­çi­no Korol Li­riň, Çes­teýn bol­sa onuň uly gy­zy Go­ne­ri­liň keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Film­de Al Pa­çi­no bi­len Çes­teýn­den baş­ga-da Aria­na De­Bo­se, Ra­çel Bros­na­han, Pi­ter Dink­leýj, Den­ni Hýus­ton, Kris Mes­si­na, La­Ke­it Stan­fild, Ted Le­win, Matt­ýuw Jeý­kobs, Ris Koi­ro Os­wald, Ste­fen Dorff ýa­ly ar­tist­ler dür­li keşp­ler­de su­rata dü­şerler. Fil­miň su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri eý­ýäm ýo­la goý­lup, onuň gör­ke­zil­jek wag­ty hä­zir­lik­çe bel­li däl. «Dis­ney» stu­di­ýa­sy­nyň köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan «Do­ňak­lyk» (Fro­zen) ani­ma­si­ýa­synyň 3-nji bö­lü­mi­niň gör­ke­zil­jek wag­ty mä­lim edil­di. «Do­ňak­lyk 3» ani­ma­si­ýa­sy 2027-nji ýyl­da pro­kat­la­ra ýaý­ra­dy­lar. Il­kin­ji­si 2013-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çy­kan ani­ma­si­ý

Fran­suz ki­no sun­ga­ty­nyň meş­hur akt­ýo­ry ara­dan çyk­dy

21 film baş baý­ra­ga da­laş­gär görkezildi

Dün­ýä­niň iň ga­dy­my film fes­ti­wa­ly ha­sap­lan­ýan We­ne­si­ýa ki­no şü­we­le­ňi öňü­miz­dä­ki gün­ler­de 81-nji ge­zek ge­çi­ri­ler. Has ta­ky­gy, fes­ti­wa­lyň 81-nji­si 28-nji aw­gust­da baş­lap, 7-nji sent­ýabr­da ta­mam­la­nar. Fes­ti­wal­da emin­ler to­pa­ry­na fran­si­ýa­ly meş­hur akt­ri­sa Iza­bel Ýup­per ýol­baş­çy­lyk eder. Emin­ler to­pa­ryn­a bol­sa ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, ame­ri­ka­ly re­žiss­ýor hem sse­na­ri­çi Jeýms Greý, bri­ta­ni­ýa­ly re­žiss­ýor Andr­ýuw He­ig, pol­şa­ly ta­ny­mal re­žiss­ýor Ag­ni­eş­ka Hol­land, bra­zi­li­ýa­ly re­žiss­ýor, sse­na­ri­çi, prod­ýu­ser Kle­ber Men­don­sa Fi­lo, maw­ri­ta­ni­ýa­ly re­žiss­ýor Ab­der­rah­man Sis­sa­ko, ita­li­ýa­ly bel­li re­žiss­ýor Ju­sep­pe Tor­na­to­re, ger­ma­ni­ýa­ly sse­na­ri­çi hem re­žiss­ýor Ýu­lia won Haýns, hy­taý­ly meş­hur akt­ri­sa Çžan Szyý ýa­ly ki­no sun­ga­ty­nyň gör­nük­li we­kil­le­ri ça­gy­ry­lyp­dy. 11 gün­läp do­wam et­jek fes­ti­wal­da baş baý­rak ug­run­da 21 film bäs­le­şer. Şol film­le­riň ara­syn­da Ped­ro Al­mo­do­war, Wal­ter Sal­les, Todd Fil­lips, Pab­lo Lar­ra­in, Em­ma­nu­el Mu­re, Lu­ka Gua­da­ni­no ý

Siz mek­de­be taý­ýar­my?

To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi ta­mam­la­nyp bar­ýar. Dynç alyş möw­sü­min­de çe­per eser­le­ri okan­sy­ňyz, tä­ze dost­lar tu­tu­nan­sy­ňyz, se­ýil­gäh­ler­de dynç alyp, sport bi­len meş­gul­la­nan­sy­ňyz. Eý­sem, tä­ze okuw ýy­ly­na gi­riş­mek, sa­pak­lar­dan has ýo­ka­ry ne­ti­je al­mak üçin nä­hi­li taý­ýar­lyk gör­me­li?! Sa­naw dü­zmek

Nä­me üçin pan­da­la­ryň sü­tü­gi ala­be­der?

Dün­ýä­de ýi­tip git­mek how­py aban­ýan jan­dar­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýän pan­da­lar bam­buk to­kaý­lyk­la­ry bi­len ta­nal­ýan Hy­ta­ýyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da ýa­şa­ýar­lar. Hä­zir­ki wagt­da bu ena­ýy­ja aýy­la­ryň sa­ny­nyň 2 müň­den geç­me­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Du­man­ly we ýa­gyş­ly ho­wa uý­gun­la­şan pan­da­la­ryň sü­tü­gi­niň ak we ga­ra reňk­de bol­ma­gy köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Eý­sem, nä­me üçin bam­buk aýy­sy­nyň reň­ki ap-ak, ýa şar ga­ra, ýa-da go­ňur däl. Nä­me üçin beý­le­ki jan­dar­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da pan­da­la­ryň sü­tü­gi ala­be­der? Süý­dem­di­ri­ji­le­riň kö­pü­si­niň sü­tü­gi bir­sy­dyr­gyn reňk­de bol­ýar. Em­ma pan­da­la­ryň beý­le­ki jan­dar­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da «eli», aýa­gy we gu­la­gy tu­tuş­ly­gy­na ga­ra bo­lup, göw­re­si­niň ga­lan bö­le­gi­ni ak sü­tük ört­ýär. Şeý­le hem äh­li pan­da­nyň gö­zün­de ga­ra me­nek­ler bar.

Dyr­nak­da­ky ala­mat­lar nä­mä­ni ha­bar ber­ýär?!

Be­de­ni­miz­dä­ki kä­bir ala­mat­lar sag­lyk bi­len bag­ly köp za­dy aý­dyp bi­ler. Esa­san hem, aýa­da­ky we dyr­nak­da­ky kä­bir üýt­geş­me­le­re has üns­li çe­me­leş­me­li. Ame­ri­ka­ly der­ma­to­log­lar dyr­nak­da ýü­ze çyk­ýan ala­mat­lar bi­len bag­ly bar­lag­lar ge­çi­rip, şeý­le ne­ti­jä ge­len­dik­le­ri­ni bel­le­ýär­ler. Sa­ry dyr­nak­lar. Dyr­na­gyň sa­ral­ma­gy ýaş bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýag­daý­da ýü­ze çyk­ýar. Luk­man­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, do­wam­ly çi­lim çek­mek dyr­nak­la­ryň sa­ral­ma­gy­na ýa-da dyr­nak­da sa­ry teg­mil­le­riň dö­re­me­gi­ne ge­ti­rip bil­ýär. Sa­ry dyr­nak köp­lenç dem alyş ýol­la­ryn­da­ky kä­bir ke­sel­ler we el-aýak­la­ryň çiş­me­gi ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär.

Singapur – täsinlikleriň şäheri

Uçar­dan ýa­ňy dü­şen bol­sa­ňyz, ho­wa men­zi­lin­den en­tek çyk­maň! «Je­wel Chan­gi» ho­wa men­zi­lin­dä­ki tä­sinlikle­riň şa­ýa­dy bo­luň! Bu aja­ýyp güm­mez­de 280-den gow­rak na­har­ha­na we söw­da mer­ke­zi bar. Bi­na­nyň mer­ke­zin­dä­ki 40 metr be­ýik­lik­dä­ki ýa­pyk şag­la­wuk daş-tö­we­re­gin­dä­ki to­kaý zo­la­gy­na gö­zel­lik ber­ýär. Bu ýer­de ça­ga­lar üçin oýun meý­dan­ça­la­ry hem gur­lup­dyr. Sin­ga­pur­da ge­ze­lenç­le­ri amat­ly we aň­sat­lyk bi­len ama­la aşyr­mak üçin jem­gy­ýet­çi­lik ulag se­riş­de­le­ri he­re­ket ed­ýär. Şä­her­de ýo­ka­ry de­re­je­li söw­da mer­kez­le­ri­niň, ka­şaň myh­man­ha­na­la­ryň we döw­re­bap na­har­ha­na­la­ryň bir­nä­çe­si bo­lup, maş­ga­la üçin att­rak­si­on­lar, fu­tu­ris­tik şä­he­ri öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän ta­ry­hy mu­zeý­ler we et­ni­ki ýer­ler bar. Sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da ösen Sin­ga­pu­ryň aja­ýyp ýer­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

Dün­ýä­niň iň owa­dan şä­her­le­ri

Ýew­ro­panyň şäherleri dün­ýä­niň iň owa­dan şä­her­le­ri­niň tä­ze sa­na­wyn­da il­kin­ji on­lu­gyň do­ku­zy­sy­ny eýe­le­ýär. Bu ba­ra­da «Eu­ro­news» web saý­ty ha­bar ber­ýär. Sa­naw müň­ler­çe ýyl­dan bä­ri bi­na­gär­lik­de te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi­ni de­ňag­ram­ly, saz­la­şyk­ly ula­nyp, al­tyn ölceg düz­gü­ni­ne la­ýyk gel­ýän bi­na­la­ryň aý­ra­tyn­ly­gy­na esas­lan­ýar. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «On­li­ne Mort­ga­ge Advisor» web sa­hy­pa­sy ta­ra­pyn­dan dü­zü­len sa­na­wyň il­kin­ji on­lu­gy­na Ýew­ro­pa­nyň paý­tagt­la­ry­nyň en­çe­me­si gir­ýär. Eý­sem, haý­sy şä­her­ler­de dün­ýä­de iň özü­ne çe­ki­ji bi­na­lar bar? We­ne­si­ýa eg­rem-bug­ram ka­nal­la­ry we ek­lek­tik bi­na­gär­li­gi bi­len il­kin­ji or­ny eýe­le­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä, şä­he­riň bi­na­la­ry­nyň 83 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy ýo­ka­ry ül­ňü­le­re la­ýyk gel­ýär. Ita­li­ýa­nyň bu şä­he­ri­niň ja­han­keş­de­le­riň ara­syn­da beý­le meş­hur bol­ma­gy ýö­ne ýe­re däl­dir. Çün­ki 2023-nji ýyl­da 5,7 mil­li­on adam bu şä­he­re ge­lip gö­rüp­dir. Bu san­la­ryň ag­dyk­ly­gy

Çaga terbiýesinde üns berilmeli jümleler

Ça­ga­la­ry ter­bi­ýe­le­mek çyl­şy­rym­ly iş bo­lup, bir­nä­çe ça­ga­ny ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ata-ene­le­riň işi­ni has-da kyn­laş­dyr­ýar. Ça­ga­la­ryň her bi­ri­niň hä­si­ýe­ti­ne la­ýyk­lyk­da gat­na­şyk­da bol­mak, do­gan­la­ryň ag­zy­bir­li­gi­ni ga­zan­mak maş­ga­la ag­za­la­ry üçin wa­jyp­dyr. Ata-ene­le­riň bil­mez­lik­den ýa-da ga­har bi­len aýd­ýan söz­le­ri kä­te do­gan­la­ryň ara­syn­da dü­şü­niş­mez­li­ge se­bäp bo­lup bi­ler. Maş­ga­la­da ça­ga­la­ryň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şyk, öz­le­ri­ni alyp bar­şy we bi­rek-bi­re­ge bo­lan sy­lag-hor­ma­ty ata-ene­le­riň ter­bi­ýe­si hem-de gö­rel­de­si esa­syn­da eme­le gel­ýär. Kä­te go­wy gör­lüp aý­dyl­ýan söz­ler soň­lu­gy bi­len ça­ga­la­ryň ara­syn­da bäs­deş­lik ýa-da ga­ban­jaň­lyk ýa­ly duý­gu­la­ry dö­re­dip bi­ler. Bu ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak üçin kä­bir söz­ler­den hem-de jüm­le­ler­den ga­ça dur­mak mö­hüm­dir. Haý­sy jümleler do­gan­la­ryň ara­syn­da dü­şü­niş­mez­li­ge se­bäp bo­lup bi­ler? Ge­liň, bu­la­ryň kä­bi­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Do­ga­nyň­dan gö­rel­de al! Köp­lenç ula­nyl­ýan bu jüm­le soň­lu­gy

Ga­raş­syz­lyk gü­ni bel­len­di

Agaçdan guruljak iň beýik bina

ABŞ-nyň Wis­kon­sin şta­ty­nyň Mi­luo­ki şä­he­rin­de dün­ýä­niň iň be­ýik agaç­ bi­na­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bi­na­nyň tas­la­ma­sy­nyň «Micha­el Green Archi­tectu­re» bi­na­gär­lik býu­ro­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len­di­gi ha­bar be­ril­di. Hä­zir­lik­çe bi­na­nyň ta­kyk be­ýik­li­gi bel­li bol­ma­sa-da, tas­la­ma­ny dü­zü­ji­ler gök­di­rä­niň 55 gat­dan be­ýik bol­ma­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Bu des­ga ozal­ky iň be­ýik agaç bi­na­dan – Mi­luo­ki­dä­ki 25 gat­ly «Ascent» di­ňin­den ep-es­li be­ýik bo­lar. Bi­na­da azyn­dan 75 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy, 300 sa­ny myh­man­ha­na ota­gy we köp san­ly ofis üçin otag­lar bo­lar. Şeý­le hem bi­na­nyň ýa­na­şyk çäk­le­rin­de köp san­ly aw­tou­lag du­ral­ga­sy, jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­ri we py­ýa­da ýo­da­lar gurlar. Tas­la­ma­nyň ba­ha­sy 700 mil­li­on dol­lar­dan gow­rak bo­lup, eko­lo­gi­ýa taý­dan dur­nuk­ly bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ila­ty art­ýar

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne gir­ýän ýurt­la­ryň ila­ty şu ýy­lyň ba­şyn­da 449,2 mil­li­on ada­ma ýet­di, on­dan bir ýyl ozal bol­sa 447,6 mil­li­on ada­mdy. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň sta­tis­ti­ka gul­lu­gy ha­bar ber­di. Ne­ti­je­de, COVID-19 pan­de­mi­ýa­sy döw­rün­de ha­sa­ba al­nan pe­se ga­çyş­lyk­dan soň­ra, Ýew­ro­pa­da ilat sa­ny iki ýyl bä­ri art­ýar. 2020-nji ýyl­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ila­ty, tak­my­nan, 0,5mil­li­on, 2021-nji ýyl­da bol­sa, 0,3mil­li­on aza­lyp­dyr.

Tai­lan­dyň iň ýaş Prem­ýer-mi­nist­ri

16-njy aw­gust­da Tai­lan­dyň Mil­li as­samb­le­ýa­sy­nyň (par­la­ment) we­kil­ler pa­la­ta­sy ta­ra­pyn­dan «Phya Thai» par­ti­ýa­sy­nyň li­de­ri Phet­hongt­han Çi­na­wa­tyň Prem­ýer-mi­nistr­li­ge da­laş­gär­li­gi tas­syk­lan­dy. Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­si­ne da­laş­gär 319ka­nun çy­ka­ry­jy ta­ra­pyn­dan ma­kul­lan­dy, 145 we­kil gar­şy çyk­dy we 27-si sak­lan­dy. Ses be­riş­lik­den soň Tai­lan­dyň Mil­li as­samb­le­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Wan Mu­ha­mad Nor Mat­ha «Phya Thai» par­ti­ýa­sy­nyň li­de­ri Çi­na­wa­tyň 493 ka­nun çy­ka­ry­jy­nyň 319-sy­nyň gol­da­wy­na eýe bo­lan­dy­gy­ny, onuň we­zi­pä bel­len­me­gi üçin ze­rur bo­lan ses­den has kö­pü­si­ni ga­za­nan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.

De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň gu­rul­ta­ýy ge­çi­ril­di

19-22-nji aw­gust ara­ly­gyn­da Çi­ka­go­da ABŞ-nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň gu­rul­ta­ýy ge­çi­ril­di. ABŞ-nyň 50 şta­tyn­dan we da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­len we­kil­ler şä­he­riň «Uni­ted Cen­ter» sport mer­ke­zin­de ýyg­nan­dy­lar. Gu­rul­taý­da bir­nä­çe ta­ny­mal we­kil­ler, şol san­da ABŞ-nyň pre­zi­dent­li­gi­ne da­laş­gär, wi­se-pre­zi­dent Ka­ma­la Har­ris hem-de wi­se-pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär, Min­ne­so­ta şta­ty­nyň gu­ber­na­to­ry Tim Wolz dagy çy­kyş et­di­ler. Adat­ça, par­ti­ýa­lar gu­rul­ta­ýyň ge­çi­ril­ýän döw­rün­de döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň we­zi­pe­si­ne öz da­laş­gä­ri­ni hö­dür­le­ýär­ler, ýö­ne bu ge­zek De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň ko­mi­te­ti aw­gust aýy­nyň ba­şyn­da öňün­den on­laýn ses ber­mek ba­ra­da ka­ra­ra ge­lip, onuň ne­ti­je­sin­de Har­ri­siň da­laş­gär­li­gi tas­syk­la­nyp­dy.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

We­zi­pe­sin­den git­mek­çi. Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Fu­mio Ki­si­da möh­le­tin­den öň we­zi­pe­sin­den git­me­gi me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni we Li­be­ral de­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň li­de­ri hök­mün­de ikin­ji möh­le­te da­laş et­me­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Ki­si­da bu ka­ra­ry­ny par­ti­ýa­nyň meş­hur­ly­gy­nyň pe­sel­me­gi se­bäp­li öz­gert­me­le­riň ze­rur­ly­gy bi­len dü­şün­dir­di. Uzak ara­ly­gy aýak­ýa­la­ňaç geç­di. Ni­der­land­ly 37 ýaş­ly An­ton No­ten­bom Ka­li­for­ni­ýa­dan Nýu-Ýor­ka çen­li aýak­ýa­la­ňaç 175 gün­de 3 müň 450 ki­lo­metr ýol ge­çip, re­kor­d goý­dy. Öň­ki re­kord Fran­si­ýa­dan Is­pa­ni­ýa çen­li 3 müň 409 ki­lo­metri aýak­ýa­la­ňaç ge­çen pol­şa­ly Pa­wel Du­ra­kie­wi­çe de­giş­li­di.

Wagyz-nesihat maslahaty

Tejen etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we beýleki degişli guramalaryň bilelikdäki meýilnamasy esasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Zähmeti goramak, sagdyn we howpsuz iş şertlerini döretmek bilen bagly kanunçylygy wagyz-nesihat etmek, düşündirmek maksady bilen bolan maslahata edara-kärhanalaryň işçi-hünärmenleri gatnaşdy. Maslahatda ildeşlerimiziň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy ugrunda döredilýän şertlerdir mümkinçilikler barada gürrüň edilip, zähmeti goramak boýunça kadalary we düzgünleri dogry berjaý etmegiň ýollary dogrusynda aýdyldy. Degişli kanunçylygyň düşündirilmegi çäräniň ähmiýetini we netijeliligi artdyrdy.