19-22-nji awgust aralygynda Çikagoda ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň gurultaýy geçirildi. ABŞ-nyň 50 ştatyndan we daşary ýurtlardan gelen wekiller şäheriň «United Center» sport merkezinde ýygnandylar. Gurultaýda birnäçe tanymal wekiller, şol sanda ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär, wise-prezident Kamala Harris hem-de wise-prezidentlige dalaşgär, Minnesota ştatynyň gubernatory Tim Wolz dagy çykyş etdiler.
Adatça, partiýalar gurultaýyň geçirilýän döwründe döwlet Baştutanynyň wezipesine öz dalaşgärini hödürleýärler, ýöne bu gezek Demokratik partiýanyň komiteti awgust aýynyň başynda öňünden onlaýn ses bermek barada karara gelip, onuň netijesinde Harrisiň dalaşgärligi tassyklanypdy.