Meş­hur se­ria­lyň 2-nji möw­sü­mi

23 Awgust 2024
96

HBO-nyň meş­hur se­ri­al­la­ryn­dan «The Last of Us» ek­ran ese­ri­niň 2-nji möw­sü­mi­niň ýaý­ly­ma be­ril­jek se­ne­si mä­lim edil­di. Anyk wag­ty aý­dyl­ma­sa-da, 2025-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çyk­jak se­ria­lyň to­mus­da to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri ta­mam­la­nan 2-nji möw­süm­de ýe­ne-de Ped­ro Pas­kal, Bel­la Rem­zi, Gab­ri­el Lu­na da­gy esa­sy keşp­le­ri jan­lan­dy­rar­lar. Ola­ryň ha­ta­ry­na Iza­be­la Mer­sed, Jeff­ri Raýt, Ke­it­len De­wer, Ýang Ma­zi­no, Ka­te­rin O’Ha­ra ýa­ly meş­hur ar­tist­ler hem go­şu­lar. Se­ri­al ady­bir komp­ýu­ter oý­nu­nyň ikin­ji nus­ga­sy esa­syn­da su­ra­ta dü­şü­ril­di.

Se­ria­lyň 1-nji möw­sü­mi 2023-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çy­kyp, köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nyp­dy. Se­ri­al 8 ugur­dan «Em­my» baý­ra­gy­ny eýe­läp­di.