Çem­pio­nyň 25-nji ýeň­şi

23 Awgust 2024
71

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 11-nji ýa­ry­şy Awst­ri­ýa «Gran Pri­sin­de» «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si Fran­çes­ko Ba­naia ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 28 aý­la­wy 42 mi­nut 11,173 se­kunt­da ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 7-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 25-nji ýeň­şi hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Ýa­ryş­da 1-nji ha­tar­dan bat alan «Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Hor­ge Mar­tin ýe­ňi­ji­den 3,323 se­kunt yza ga­lyp, 2-nji or­ny eýe­le­di. Ýe­ňi­ji­niň hem to­par­da­şy, hem-de wa­tan­da­şy Enea Bas­tia­ni­ni 3-nji or­na my­na­syp bol­dy.

Ge­çi­ri­len 11-nji ýa­ryş­dan soň Fran­çes­ko Ba­naia 275 utuk bi­len tä­ze­den sa­na­wyň 1-nji or­nu­na beý­gel­di. 2-nji ýer­dä­ki Hor­ge Mar­ti­niň 5 utu­gy kem, 270 utu­gy bar. Enea Bas­tia­ni­ni 214 utuk bilen 3-nji or­na geç­di.