"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Kadalary berjaý edeliň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy watandaşlarymyzy ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmäge çagyrýar. Hususan-da, öýlerden, iş ýerlerinden çykyp gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, ähli elektrik we gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy, zerurlygy bolmadyk elektrik, gaz enjamlaryny ulanyşdan doly aýyrmagy, işläp duran elektrik, gaz enjamlaryny iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmagyň örän howpludygyny ýatladýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň, garažlaryň, howlynyň daş-töwereklerini zir-zibillerden arassalap, olary öz wagtynda çäkden çykarmaly. Jaýlaryň üçeklerine ýanyjy agaç gyryndylary, sypaldyr beýleki çalt tutaşýan çig mallar düşelse, üçeklerdir ýerzeminlerde ýanyjy hojalyk goşlary saklansa, elektrik tok geçirijileri suwagyň astyndan ýa-da polat turbalaryň içinden geçirilip gurnalmaly. Elektrik çyralarynyň daşlary aýna gorag örtügi bilen üpjün edilse, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryna laýyk bolsa, döräp biläýjek dürli howplaryň öňi alnar.

Myhmansöýerligiň mekany

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi. Myhmana iş saparynyň dowamynda sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Tämiz duýgularyň joşguny

Her ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň ähli döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistan Watanymyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde körpe nesillerimiz üçin baýramçylyk dabaralary, medeni köpçülikleýin çäreleri giň gerime eýe bolýar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça hem-de degişli Kararyna laýyklykda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi hem ýokary derejede geçirilýär. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden, şol sanda Arkadag şäheriniň çäginde hereket edýän orta mekdeplerde, çagalar sungat mekdebinde bilim alýan, çagalar baglarynda terbiýelenýän, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalaryň onlarça döredijilik işi hödürlenildi. Paýtagtymyz Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaýbaňlandyrylan sergilerde çagalaryň döredijilik işlerini görmäge birnäçe ildeşlerimiz gatnaşdylar. Bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aja

Ene alkyşy eziz

Güljeren BABAÝEWA,Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat obasynyň ýaşaýjysy: — 10 ýaşyny dolduran körpe oglum Döwranyň çaga serebral ysmaz hassalygy bardy. Ýerli lukmanlarymyza wagtly-wagtyna görkezip durýardyk. Bir gün maşgala lukmanymyz öýümize geldi. Ol oglumyzy Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine ugradylsa gowy boljakdygyny aýtdy. Şondan köp salym geçmänkä, maşgala lukmanymyz jaň edip, tolgundyryjy habar ýetirdi.

Arassa suw — saglygyň sakasy

Ähli pudaklaryň sazlaşykly ösüşinde, ilatyň saglygyny goramakda suw üpjünçiliginiň, arassa agyz suwunyň orny uludyr. Daşky gurşawyň abadançylygy, tämiz howa, arassa suw, ekologiýa taýdan sagdyn iýmit bilen halkymyzyň yzygiderli hem-de bolelin üpjün edilmegi gaýragoýulmasyz meselelerdir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz suw hojalygy pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2010-njy ýylyň 14-nji maýynda Daşoguz şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda öňe süren Türkmenistanyň ähli ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky başlangyçlarydyr tabşyryklarynyň esasynda düzülen ýörite maksatnamada we Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere görä, suw hojalygynda örän köp işler amala aşyryldy.

Milli mirasym — mertebäm

Golaýda Arkadag şäherindäki Bagt köşgünde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Dünýä meşhur şanyň türkmen halysy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Bagt köşgüniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda türkmen halysy barada giňden beýan edilýändigi dogrusynda buýsanç bilen aýtdylar.

Syýahatçy bilen söhbet

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni Batyr Abdyllaýewiň durmuşy bilen tanşanymda, onuň uzak-uzak menzilleri welosipedli, paý-pyýada söken syýahatçydygyny bilip galdym. Söhbetdeşligimiz şondan hem başlandy.

«Ýürekleriň töründe adyň, Pyragy» atly maslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni taryhy wakalara, baýramçylyklara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde Akyldar şahyryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ýene bir hoş habarlaryň biri-de halkymyza sowgat bolan «Magtymguly» atly saýlanan eserleriniň ýygnanan kitabydyr. Häzirki wagtda bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy ähli pudaklarda  giň gerimde dowam edýär.

Şanly baýramyň şanyna

24-nji maýda paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guralan dabara dürli pudaklaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň çäklerinde Aşgabat şäher häkimligi bilen «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat», «Şygryýetiň göwher gaşy» hem-de «Gündogar edebiýatynyň genji-hazynasy» atly döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Eminler topary tarapyndan gelnen netijä laýyklykda «Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat» döredijilik bäsleşiginde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Dünýägözel Çerkezowa «Iň gowy makala», Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Miwe Ataýewa «Iň gowy goşgy», «Aşgabat» gazetiniň fotohabarçysy Arslan Müllikow «Iň gowy fotosurat», «Aşgabat» gazetiniň habarçysy Nazar Berdiýew «Iň gowy kollaž işi» ugurlary boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýle hem, žurnalist Atamyrat Şagulyýew «Gündogar edebiýatynyň genji-hazynasy», Türkmenistanyň Döwlet çe

Mermer binalaryň öwüşgini

Döwrebap desga raýatlaryň hyzmatynda

Geçen hepdäniň şenbe gününde baýram edilen Aşgabat şäheriniň güni paýtagtymyzyň toý şatlygyny goşalandyran birnäçe dabaraly pursatlara baý boldy. Baýramçylyk gününde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň Ankara köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoulaglara ýangyç guýujy 142-nji bekediniň durky düýpli täzelenen desgasy hem şol gün halkymyzyň hyzmatyna berlen binalaryň biri. Ýeri gelende bellesek, bu desganyň durky «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky hojalyk hasaplaşygyndaky Abatlaýyş we gurluşyk müdirliginiň işçi-hünärmenleri tarapyndan düýpli täzelenildi. Dünýäniň kuwwatly ýangyç-energetika döwletleriniň biri bolan ýurdumyzda halkymyza bu ugurda döwrebap hyzmat etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Mähriban paýtagtymyzyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän şaýollardyr köçelerinde raýatlara göwnejaý hyzmat etmek maksady bilen ýangyç guýujy beketler yzygiderli gurulýar, öňden hereket edýänleriniň durky düýpli täzelenilip, işleri döwrebaplaşdyrylýar. Şu gezekki durky täzelenen, 1 gektarlyk çäginde dolandyryş binasyny, her biriniň göwrümi 60 kub metr bolan ýangyç saklanýan desgalaryň 5-sini we beýleki inže

«Soňky jaň» — täze durmuşa ýaň

25-nji maýda ýurdumyzyň, şol sanda paýtagtymyzyň çägindäki ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Asylly däbe görä, ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, ökde okuwçylar, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň iň täze taryhynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem, ähli welaýatlaryň Baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary geçirildi.

Ruhy gymmatlyga tagzym

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesi, şan-şöhraty barha artýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgä eýerilip, ýurdumyzda durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar sazlaşykly ösdürilýär, ykdysadyýetde, medeniýetde ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletimiziň maddy we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamak we Ýer ýüzüne tanatmak, wagyz etmek baradaky başlangyçlary has-da rowaçlanýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli golaýda Aşgabatda geçirilen döwlet derejesindäki dabaralar munuň aýdyň beýanydyr.

Aşgabadyň ýalkymy

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ak mermerli paýtagtymyzyň beýik ösüşler bilen şöhratlanýan zamanasy hökmünde täze taryhymyzyň gatyna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen geçen ýyllarda paýtagtymyzda durmuşa geçirilen şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalary netijesinde bu günki gün Aşgabat Aziýanyň merjen şäheri hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Şeýle beýik işleriň, netijeli maksatnamalaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen dowam etdirilýändigi ähli halkymyzy buýsandyrýar. Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda uludan baýram edilen Aşgabat şäheriniň gününiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky baýramçylyk dabaralarynyň aýratyn many-mazmuna beslenendigini buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr. Çünki ýurdumyzyň baş şäheriniň baýramy türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi bilen utgaşýar. Şeýle hem, ýurdumyzyň orta mekdeplerindäki «Soňky jaň» dabarasy hem-de birnäçe açylyş dabaralary bilen utgaşan bu baýram paýtagtymyzyň dünýädäki abraýyny has hem artdyrdy. Akyldar şahyrymyzyň ýubileý senesi mynasybetli paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň

Bagt paýlaýan pursatlar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň döwletlilik binýady, ykdysady kuwwaty has-da pugtalandyrylýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandyrylýar, uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli berjaý edilýär. Watanymyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri, şäherleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde alnyp barylýan işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Halk arasynda aýdylyşy ýaly, ynsanyň ady il-ýurt ähmiýetli bitiren beýik işleri, ýetişdiren perzentleri, döreden zatlary, guran binalary bilen ebedi ýaşaýar. Milli Liderimiziň gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen döreden beýik ýaşaýşyň köşgi-eýwanly täji-tagtly Arkadag şäheri ajaýyp binagärligi, gözelligi, köpugurly şertleri bilen bu gün dünýäni haýran edýär. Arkadag şäheri — ýaşlaryň bagt şäheri. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän bu täsin şäher bagtyň we barlygyň, ylmy ösüşiň we ruhy baýlygyň mekanydyr.

At-owazy dünýä dolan paýtagtym

Aşgabat — Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu gün paýtagtymyz Aşgabat sebitde we dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, halkara ähmiýetli forumlaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň merkezi hökmünde giňden tanalýar. Şunda ak şäherimiziň halkara sport abraýynyň belentdigini, sport mümkinçilikleriniň giň gerimlidigini hem aýratyn bellemek gerek. Häzirki wagtda paýtagtymyzda hereket edýän Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, «Aşgabat» köpugurly stadiony hem-de beýleki sport desgalary halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmagynda, sagdyn durmuş ýörelgelerini özleriniň hemişelik hemrasyna öwürmeginde möhüm orun eýeleýär.

Peýdaly maslahatlar

Saglygyň gadyryn bilgil... Saglygy, sagdyn durmuşy üpjün etmek üçin bu ugurdaky berilýän maslahatlary pugta berjaý etseňiz, elmydama ruhubelent hem işjeň bolarsyňyz. Saglygy goraýşyň sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli alyp baryň, zyýanly endiklerden daşda duruň we bu babatda ösüp gelýän ýaş nesillere we ýetginjeklere görelde boluň, günüň dowamynda kompýuterlerde, smartfonlarda we planşetlerde işläniňizde belli bir wagtda arakesme etmegi unutmaň! Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak has peýdalydyr.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Soňky günlerde durmuşynda garaşylmadyk wakalaryň köp ýüze çykýandygyny hamallar has ýiti duýarlar. Şonuň üçin geljek hepdede bu ýagdaýa gutarnykly çözgüt gözläp bilersiňiz. Aýratyn hem, maddy çykdajylar babatda meýilnamalaryňyzy gözegçilikde saklaň.

«Aşgabatgaz» müdirligi ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan rejeli we tygşytly peýdalanmak baradaky haýyş bilen Aşgabat şäheriniň ähli ilatyna ýüzlenýär

Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary, gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça alnyp, onuň 1000 (bir müň) kub metr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deň. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde elektron töleg terminallar we mobil telefon arkaly «Milli paý» we «Milli ÝJH» programmalaryň üsti bilen töleg geçirip bolýar. Tölegler şu salgylar boýunça kabul edilýär: Köpetdag etrabynyň G.Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-67-18.

Ýürek sözi

Zähmetimize belent hormat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly dabaralary tutuş ýurdumyzy toý ruhy bilen gaplap aldy. Şanly ýylda giňden bellenip geçilen Türkmen halysynyň baýramy halkymyzyň nepis sungatymyza goýýan belent hormatynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halysy halkymyzyň gadymy sungaty bolup, onda il-günümiziň ruhy gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar» diýip belleýşi ýaly, türkmen halylary halkymyzyň milli buýsanjydyr.