Kadalary berjaý edeliň!

30 Maý 2024
382

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy watandaşlarymyzy ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmäge çagyrýar. Hususan-da, öýlerden, iş ýerlerinden çykyp gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, ähli elektrik we gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy, zerurlygy bolmadyk elektrik, gaz enjamlaryny ulanyşdan doly aýyrmagy, işläp duran elektrik, gaz enjamlaryny iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmagyň örän howpludygyny ýatladýar.

Ýaşaýyş jaýlarynyň, garažlaryň, howlynyň daş-töwereklerini zir-zibillerden arassalap, olary öz wagtynda çäkden çykarmaly. Jaýlaryň üçeklerine ýanyjy agaç gyryndylary, sypaldyr beýleki çalt tutaşýan çig mallar düşelse, üçeklerdir ýerzeminlerde ýanyjy hojalyk goşlary saklansa, elektrik tok geçirijileri suwagyň astyndan ýa-da polat turbalaryň içinden geçirilip gurnalmaly. Elektrik çyralarynyň daşlary aýna gorag örtügi bilen üpjün edilse, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryna laýyk bolsa, döräp biläýjek dürli howplaryň öňi alnar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.