Bagt paýlaýan pursatlar

29 Maý 2024
264

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň döwletlilik binýady, ykdysady kuwwaty has-da pugtalandyrylýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandyrylýar, uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli berjaý edilýär. Watanymyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri, şäherleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde alnyp barylýan işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Halk arasynda aýdylyşy ýaly, ynsanyň ady il-ýurt ähmiýetli bitiren beýik işleri, ýetişdiren perzentleri, döreden zatlary, guran binalary bilen ebedi ýaşaýar.

Milli Liderimiziň gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen döreden beýik ýaşaýşyň köşgi-eýwanly täji-tagtly Arkadag şäheri ajaýyp binagärligi, gözelligi, köpugurly şertleri bilen bu gün dünýäni haýran edýär. Arkadag şäheri — ýaşlaryň bagt şäheri. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän bu täsin şäher bagtyň we barlygyň, ylmy ösüşiň we ruhy baýlygyň mekanydyr.

Mähriban ŞYHMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.