Ýürek sözi

29 Maý 2024
290

Zähmetimize belent hormat

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly dabaralary tutuş ýurdumyzy toý ruhy bilen gaplap aldy. Şanly ýylda giňden bellenip geçilen Türkmen halysynyň baýramy halkymyzyň nepis sungatymyza goýýan belent hormatynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halysy halkymyzyň gadymy sungaty bolup, onda il-günümiziň ruhy gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar» diýip belleýşi ýaly, türkmen halylary halkymyzyň milli buýsanjydyr.

Ogulbibi TIRKEŞOWA,
Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy.