"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

15 göterim ýokarlandy

Dünýäniň iň belli töleg operatorlarynyň biri bolan «Mastercard» kompaniýasy 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde girdejisini we arassa peýdasyny artdyrdy. Has takygy, hasabat döwründe kompaniýanyň girdejisi 11, arassa peýdasy bolsa 15 göterim ýokarlandy. «FactSetiň» ýazmagyna görä, aprel — iýun aýlarynda «Mastercard» kompaniýasynyň girdejisi 6,96 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň ikinji çärýeginde 6,27 milliard amerikan dollaryna barabar bolupdy.

Milli walýutanyň hümmetini artdyrmak üçin 36,8 milliard amerikan dollary bölünip berildi

Ýaponiýanyň Hökümeti 2024-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda milli walýutanyň hümmetini artdyrmak üçin 36,8 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesini bölüp berdi. TASS habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu görkeziji şu ýylyň aprel-maý aýlary bilen deňeşdirilende, ep-esli azdyr. Has takygy, aprel-maý aýlarynda ýurduň Hökümeti hut şol maksat bilen 65,2 milliard amerikan dollaryny sarp edipdi.

Söwda bilen baglanyşykly sözler

(Başlangyjy gazetiň №30 sanynda). ÇAÝ — çaýlar maşgalasyna degişli hemişe gök öwsüp oturan, gür şahaly, gyrymsy ösümlik.

Ösüşiň innowasion nusgasy

Senagat we innowasion ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny has-da berkidýär. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak syýasatynyň esasy maksady ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmakdan, ýurduň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendirijisi hökmünde önümçilik pudagynyň ösmegi üçin şertleri döretmekden ybaratdyr. Önümçilik we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, maýa goýum işjeňliginiň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa usulynda durnukly ösmegine getirdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde gurluşyk-senagat toplumyna aýratyn ähmiýet berilýär. Gurluşyk toplumyna ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, milli telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak babatda amala aşyrylýan netijeli işler şähergurluşyk syýasatyny ösdürýär. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda, Diýarymyzyň sebitlerinde önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalar, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylykdyr sport merkezleri, iri we kiçi senagat kärhanalary gurulýar, olaryň öňden bar bolanlarynyň durky täzelenilýär. Şeýlelikde, senagat we i

“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Russiýa we Hindistan üçin möhüm ykdysady ugra öwrülýär

“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Russiýa we Hindistan üçin möhüm ykdysady ugra öwrülýär diýip, Ýaponiýanyň iň uly media korporasiýalarynyň biri bolan Nikkei ýazýar. Geçen ýyl Hindistanyň Russiýa eksporty $4,26 milliard, nebit we nebit önümleriniň importynyň möçberi bolsa $61,43 milliard deň boldy.

Belarusyň üsti bilen Ýewropa konteýner gatnawy ýylyň birinji ýarymynda 66% ýokarlandy

«ОТЛК ЕРА» halkara konteýner daşaýjysy Hytaý — Ýewropa — Hytaý ugrunda tiz hereket edýän otlularyň düzüminde konteýnerleriň daşalmagynyň ýylyň birinji ýarymynda 66% — 189,1 müň TEU (20 futlyk konteýner ekwiwalenti) artandygyny habar berdi. Elbetde, bu ýerde Gazagystanyň, Russiýanyň we Belarusyň üstünden geçýän ýük akymy barada aýdýarys. Iýun aýynda bu ugurdaky ulag hereketi 2023-nji ýylyň iýun aýyndakydan 11% ýokarlandy — 36,95 müň TEU. Bu barada «Russiýanyň demir ýollarynyň» metbugat gullugynyň maglumatlaryna salgylanýan «1520international.com» portaly habar berýär.

Bronkadaky täze terminaldan uly netijelere garaşylýar

Sankt-Peterburgyň häkimiýeti «Bronka» portunda täze deňiz terminalynyň gurluşygyna strategiki maýa goýum derejesini berdi, bu taslamany durmuşa geçirjek «Feniks» kompaniýasyny bolsa şäheriň strategiki maýa goýujy statusyna mynasyp hasapladylar. Bu barada Smolnynyň metbugat gullugy habar berdi. Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň pikiriçe, bu status maýa goýuja artykmaçlyk berýär, kärende ýeňillikleri we arzan bahadan ýer satyn almak hukugyny hödürleýär. Galyberse-de, «Bronkanyň» kuwwatyny artdyrmak ýükleriň gerimini giňeltmäge we Sankt-Peterburgyň üstaşyr mümkinçiligini ýokarlandyrmaga şert döreder.

Nebitgaz senagaty: döwrüň talabyndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şonuň bilen birlikde-de, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmagy we çykarmagy, täze ýataklary özleşdirmegi, uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirmek boýunça göz öňünde tutulan taslamalary doly durmuşa ornaşdyrmagy, türkmen energiýa serişdelerini täze geçirijiler arkaly daşary ýurtlara ibermegi diwersifikasiýa ýoly bilen dowam etmegi baş wezipe hökmünde kesgitledi. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasy» hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň anyk ýollaryny öňe sürýär. Täze, geljegi uly bolan uglewodorodly meýdançalary abadanlaşdyrmak, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we burawlaýyş işlerini işjeňleşdirmek, topluma döwrebap tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak öňde duran wezipeleriň hataryna girýär. Bu wajyp wezipeleriň toplumlaýyn çözgüdini üpjün etmekde pudagyň iň iri önümçilik-hojalyk düzümi bolup durýan «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyrag

Türkmenabatdan ýedi yklyma

Ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagynyň şöhratly taryhyna ýatdan çykmajak sahypalar ýazylýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda, Aşgabat — Mary bölegi 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Ynha, indi hem awtobanyň Aşgabat — Türkmenabat böleginiň gurluşygynyň doly tamamlanyp, ulanylmaga beriljek günleri golaýlaşyp gelýär. Şu günlerde bu ajaýyp ýoluň gurluşygy gyzgalaňly dowam edýär. Ata-babalarymyz ýoldur geçelgeleri gurmagy sogap iş saýypdyrlar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde güneşli Diýarymyzy sebit we dünýä ýurtlary bilen birleşdirýän üstaşyr ýollaryň hem-de geçelgeleriň ençemesi guruldy. Kämil aragatnaşyk ulgamynyň emele gelmegine, ýolagçy gatnawynda we ýük daşamakda giň gerimli ösüşleriň ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen möhüm işler alnyp barylýar.

Ýaşyl ykdysadyýete geçmegiň ugurlary

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda» ýurduň ösüşiniň ýaşyl ugruny, serişdeleriň galyndysyz peýdalanylmagyny ýokary derejede ulanmak göz öňünde tutulýar. Hut şu maksadyň gözbaşynda hem biziň gepleşik dilimize täze ornaşan «Ýaşyl ykdysadyýet» düşünjesi durýar. «Ýaşyl ykdysadyýet» — bu adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň düýpli gowulanmagyny üpjün edýän we şunuň bilen birlikde daşky gurşawa abanýan howpy düýpli peseldýän ykdysadyýetdir. «Ýaşyl ykdysadyýete» geçmegiň aňyrsynda daşky gurşawyň üýtgemek hadysasyny gowşatmak, ekoinnowasiýalary işläp taýýarlamak we ulanmak, ekologik taýdan arassa ulaglara geçmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly meseleler durýar. Häzirki döwürde durnukly ösüşe, şol sanda «ýaşyl ykdysadyýete» ugur alýan ýurtlaryň sany artýar. Bu ugurda dünýä döwletleri tebigy, durmuş, ykdysady we syýasy aýratynlyklaryna laýyklykda iş alyp barýarlar. Şol sebäpli «ýaşyl ykdysadyýete» geçmegiň dünýä tejribesini öwrenmekligiň möhüm ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen biziň ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan «ýaşyl ykdysadyýetiň» esasy maksady hem tebigy baýlyklarymyzy go

Baý çig mal gorlary özleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýylyň ähli paslynda ýurdumyzyň çar künjeginde dürli maksatly binalardyr desgalaryň gurluşyk-gurnama işleri döwrebap derejede alnyp barylýar. Bu gurluşyklary öz ýurdumyzda öndürilýän ýerli gurluşyk materiallary bilen üpjün etmekde senagat kärhanalary uly işjeňlik görkezýärler. Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän kän müdirligi hem şeýle asylly işleriň dabaralanmagyna mynasyp goşant goşýar. Magdan däl gurluşyk önümlerini öndürmek bilen adygan bu kuwwatly kärhanada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — iýun aýlarynda magdan däl gurluşyk materiallarynyň 338 müň 503 kub metri öndürilip, bu baradaky meýilnama 101,96 göterim ýerine ýetirildi. Tejribeli senagat işgäri, Köýtendag kän müdirliginiň başlygy Baýnazar Seýitnazarowyň aýtmagyna görä, ýurdumyzyň gündogar sebitinde ýerleşýän Köýten dagynyň baý çig mal goruny özleşdirmek maksady bilen döredilen kärhanada häzirki wagtda gurluşyk işleri üçin zerur bolan gurluşyk çagyllary, ýuwlan çäge we çagyl-çäge garyndysy ýaly magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal gorunyň

Dünýä bazarynda islegli

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň dokma senagaty ileri tutulyp ösdürilýär. Bu günki gün dokma önümlerimiz dünýä bazarlarynda islegli önümleriň hatarynda tanalýar. Halajyň nah ýüplük egriji fabriginde hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli nah ýüplükleri öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Kärhananyň agzybir işgärleriniň yhlasly zähmetiniň netijesinde bu ýerde üstümizdäki ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda gymmatly önümiň 2 müň 174 tonnasy öndürildi. Kuwwatly fabrikde önümçilik awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Fabrikde Germaniýanyň «Trüçler», Şweýsariýanyň «Reiter» kompaniýalarynda öndürilen ýokary öndürijilikli egriji maşynlaryň bökdençsiz işledilmeginiň netijesinde her günde 14 — 16 tonna nah ýüplük öndürilýär. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal bolsa pagta arassalaýjy kärhanalaryndan getirilýär.

ENERGETIKA PUDAGYNYŇ ÖSÜŞ UGURLARY

Ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmak we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilişiniň möçberini yzygiderli artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ata Watanymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine uly ähmiýet bermek, bu ugurda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda suw we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmäge we topragyň zaýalanmagyna garşy göreşmek babatynda toplumlaýyn işler geçirilýär. Munuň özi öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, elektrik energetikasy pudagyny okgunly ösdürmek bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Energetika pudagynyň ýeňişli gadamlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllary uly zähmet ýeňişlerine, taryhy wakalara beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlar boýunça ösüşli menziller bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda guwançly sepgitlere ýetilýär.

Mawy ýangyjyň mekanynda

Gazçylaryň goldawy ýetirilýär Milli ykdysadyýetimiziň gaz senagaty iri pudaklaryň biri bolup, tebigy gaz çykarmakda we senagat taýdan gaýtadan işläp, sarp edijilere ugratmakda ýokary netijeler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz bu pudagyň ösdürilmegine uly ähmiýet bermek bilen, gazçylaryň daşary ýurtlaryň döwrebap enjamlary, kuwwatly tehnikalar bilen üpjünçiligini hemişe üns merkezinde saklaýar. Bu bolsa ýurdumyzda tebigy gazyň akymynyň barha artýandygyna giň mümkinçilikleri açýar.

Giň gerimli gurluşyklar — täze taryhy döwrüň aýdyň nyşany

Şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda gurluşyk pudagynyň hem durnukly ösýändigini aýdyň görkezdi. Ýanwar — iýun aýlarynda gurluşykda jemi içerki önümiň ösüşiniň iň ýokary görkezijileriniň birine, ýagny 9,3 göterime ýetildi. Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Bu, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür. Şu ýylyň birinji ýarymynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary öndürýän täze kärhanalaryň döredilendigi, köp sanly senagat desgalarynyň gurlup ulanmaga berlendigi aýdyldy. Mälim bolşy ýaly, gurluşyk-senagat toplumyny netijeli ösdürmek iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň”, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýy

Energetikleriň ynamly gadamlary

Eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini ýokary derejä çykarmak işi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem öz mynasyp dowamyny tapýar. Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Awaza» Döwlet elektrik stansiýasynda bitirilýän işler hem diňe bir günbatar sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurduň elektrik energiýasyna bolan islegini kanagatlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülip, türkmen ykdysadyýetiniň gudratyny dünýä äşgär eden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün ajaýyp şäheri ýadyňa salýar. Bu jenneti künjekde gurlup ulanyşa berilýän myhmanhanalaryň, dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly ymaratlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şundan ugur alnyp gurlan «Awaza» döwlet elektrik stansiýasy kuwwatly gaz turbinalary we beýleki zerur enjamlar bilen birkemsiz üpjün edildi. Her bir turbinanyň özbaşdak ýagdaýda işläp bilmegi bu häzirki zaman desgasynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Ýokary tehnologik elektron enjamy üçin göwnejaý şertleri döretmek maksady bilen, bu ýerdäki önümçilik desgalarynda emeli ýagdaýdaky mikroklimat kadaly saklanylýar. Hut şonuň üçin bu beket halkara ülňülere we ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi bi

Döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy — ösüşiň wajyp ugry

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli durnukly ösüş strategiýasynyň binýatlyk ugry iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp ösýän, döwrebap diwersifikasiýalaşan häzirki zaman ykdysady gurluşy döretmekden ybarat. Şunda alnyp barylýan köpugurly işleriň, tutumly tagallalaryň ählisi uzak möhletiň dowamynda durnukly öňegidişligi, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy üpjün edýän, önümçilik serişdeleriniň we gurallarynyň üznüksiz ösüşini, döwrebaplaşdyrylmagyny, bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edýän milli ykdysadyýetiň nusgasyny emele getirmek maksadynda jemlenýär. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýynda ýurdumyz boýunça ýuridik şahslaryň sany 15 müň 327 bolan bolsa, bu görkeziji 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýynda 17 müň 968-e ýetdi. Şol döwürde salgyt hasabynda duran ýuridik şahslaryň sany Türkmenistan boýunça 17 müň 968 bolup, bu görkeziji üstümizdäki ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýynda 18 müň 292-ä barabar boldy. Fiziki şahslaryň sanyny deňeşdirip görenimizde, bu görkeziji 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýynda 57 müň 422 bolup, 2024-nji ýylyň degişli döwründe 75 müň 396-a ýetdi. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Türkmenistan boýunça hereket edýän fiziki şahslaryň sany 75

Ulag ulgamy: belent sepgitleri nazarlap

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ulag ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täze röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag ulgamy özüne «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentliklerini birleşdirýär. Ulgamdaky düzümleriň her biriniň ähmiýetli orny bar. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynyň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň sazlaşykly ösdürilmegine, işleri utgaşykly guramaga degişli meseleleriň her birine möhüm ähmiýet berýär. Halkymyzyň durmuş abadançylygyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek maksady bilen, ulag ulgamynyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, ilata edilýän hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar, şeýle hem bu düzümlere sanly ulgam, täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Belent maksatlar rowaçlanýar