Energetikleriň ynamly gadamlary

31 Iýul 2024
344

Eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini ýokary derejä çykarmak işi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem öz mynasyp dowamyny tapýar. Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Awaza» Döwlet elektrik stansiýasynda bitirilýän işler hem diňe bir günbatar sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurduň elektrik energiýasyna bolan islegini kanagatlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülip, türkmen ykdysadyýetiniň gudratyny dünýä äşgär eden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün ajaýyp şäheri ýadyňa salýar. Bu jenneti künjekde gurlup ulanyşa berilýän myhmanhanalaryň, dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly ymaratlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şundan ugur alnyp gurlan «Awaza» döwlet elektrik stansiýasy kuwwatly gaz turbinalary we beýleki zerur enjamlar bilen birkemsiz üpjün edildi. Her bir turbinanyň özbaşdak ýagdaýda işläp bilmegi bu häzirki zaman desgasynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Ýokary tehnologik elektron enjamy üçin göwnejaý şertleri döretmek maksady bilen, bu ýerdäki önümçilik desgalarynda emeli ýagdaýdaky mikroklimat kadaly saklanylýar. Hut şonuň üçin bu beket halkara ülňülere we ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).