Ýaşyl ykdysadyýete geçmegiň ugurlary

31 Iýul 2024
192

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda» ýurduň ösüşiniň ýaşyl ugruny, serişdeleriň galyndysyz peýdalanylmagyny ýokary derejede ulanmak göz öňünde tutulýar. Hut şu maksadyň gözbaşynda hem biziň gepleşik dilimize täze ornaşan «Ýaşyl ykdysadyýet» düşünjesi durýar.

«Ýaşyl ykdysadyýet» — bu adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň düýpli gowulanmagyny üpjün edýän we şunuň bilen birlikde daşky gurşawa abanýan howpy düýpli peseldýän ykdysadyýetdir. «Ýaşyl ykdysadyýete» geçmegiň aňyrsynda daşky gurşawyň üýtgemek hadysasyny gowşatmak, ekoinnowasiýalary işläp taýýarlamak we ulanmak, ekologik taýdan arassa ulaglara geçmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly meseleler durýar. Häzirki döwürde durnukly ösüşe, şol sanda «ýaşyl ykdysadyýete» ugur alýan ýurtlaryň sany artýar. Bu ugurda dünýä döwletleri tebigy, durmuş, ykdysady we syýasy aýratynlyklaryna laýyklykda iş alyp barýarlar. Şol sebäpli «ýaşyl ykdysadyýete» geçmegiň dünýä tejribesini öwrenmekligiň möhüm ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen biziň ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan «ýaşyl ykdysadyýetiň» esasy maksady hem tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamakdan we rejeli peýdalanmakdan, daşky gurşawymyzdaky ekologik deňagramlylygyň bozulmagynyň, tebigatyň hapalanmagynyň we zaýalanmagynyň öňüni almakdan, jemgyýetde adamlaryň has gowy we ekologik taýdan abadan ýaşamaklaryny, zähmet çekmeklerini, dynç almaklaryny gazanmakdan, raýatlarymyzyň maddy we medeni isleglerini kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň artdyrylmagy ekologiýa abadançylygyny saklamaga hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda häzirki wagtda serişdeleri tygşytlaýan innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gurulýan zawod-fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologiýa ülňülerine we talaplaryna laýyk gelmegi babatda anyk çäreler görülýär.

Nigara AMANOWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.