Nebitgaz senagaty: döwrüň talabyndan ugur alyp

1 Awgust 2024
207

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şonuň bilen birlikde-de, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmagy we çykarmagy, täze ýataklary özleşdirmegi, uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirmek boýunça göz öňünde tutulan taslamalary doly durmuşa ornaşdyrmagy, türkmen energiýa serişdelerini täze geçirijiler arkaly daşary ýurtlara ibermegi diwersifikasiýa ýoly bilen dowam etmegi baş wezipe hökmünde kesgitledi. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasy» hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň anyk ýollaryny öňe sürýär.

Täze, geljegi uly bolan uglewodorodly meýdançalary abadanlaşdyrmak, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we burawlaýyş işlerini işjeňleşdirmek, topluma döwrebap tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak öňde duran wezipeleriň hataryna girýär. Bu wajyp wezipeleriň toplumlaýyn çözgüdini üpjün etmekde pudagyň iň iri önümçilik-hojalyk düzümi bolup durýan «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri Diýarymyzyň günbatar sebitinde bitirilýän işler döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.