"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Möhüm möwsüme taýýarlyk

Pendi ýaýlasynda Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Tagtabazar etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň çopanlary owlak-guzy möwsümine ykjam taýýarlykly geldiler. Boz meýdanlarda, belentli-pesli baýyrlarda ýaz paslynyň ilkinji alamatlary bolup ösüp oturan gök otlar gözüňi dokundyrýar. Esasy bellemeli zat, sahawatly sährada ösümlikleriň dürli görnüşleriniň bitýänligidir. Şeýle ösümliklerden iýmitlenýän dowarlar bolsa agramlyk durkuny kadaly saklaýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hojalygyň janypkeş maldarlary owlak-guzy möwsüminde 169 müň 172 ene goýundan 93 müň 535 guzy almagy meýilleşdirýärler. Hojalygyň maldarlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň azyk bolçulygyna goşant goşmaga, yhlasly we halal zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny bildirýärler.

Azyk bolçulygy — ählumumy ileri tutulýan ugur

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilenine 32 ýyl dolýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde Türkmenistany bu abraýly düzüme kabul etmek hakyndaky karar biragyzdan goldanyldy. Bu arzyly hem şanly sene Türkmenistanyň halkara syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, hojalyk-hukuk giňişligine goşulyşmagyna badalga berdi. Taryhy waka dünýäniň iň uly we täsirli guramasy bolan BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalarynyň ählumumy abadançylygyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň bähbidine tagallalary utgaşdyrmak baradaky çagyryşlaryna Türkmenistanyň seslenmäge taýýardygyny aýan etdi. Garaşsyz Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly hem jogapkär agzasy hökmünde halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň gatnaşmagyny, dünýäniň ylmy-tehniki gazananlaryna, döwrebap täzeçilliklerine çuňňur aralaşmagyny, umumadamzat siwilizasiýasyna mynasyp goşant goşmagyny şertlendirdi.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Ýurdumyzyň oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde pudagy innowasiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak, onuň düşewüntliligini artdyrmak, oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny hem-de seçgiçiligi ösdürmek, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, dolandyryşyň, bazar gatnaşyklarynyň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak esasy ugurlaryň hatarynda durýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» oba hojalyk toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna häzirki zaman usulynda çemeleşilýändigini aýdyň tassyklaýar. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda azyk, guşçulyk, et we süýt önümçilik kärhanalarynyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin giň şertler döredilýär.

OBA HOJALYGY: döwür bilen aýakdaş

2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň giňişleýin mejlisde gol çeken Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de pudagy dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi üýtgedip guraldy. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilikleri döretmek, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi.

Işler üstünlige beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Sakarçäge etraby boýunça kärendeçileriň 4726-sy bolup, şu günler bugdaýly meýdanlarda agronomçylygyň görkezmeleri esasynda iş geçirýärler. Etrabyň Garaýap geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Rejepgeldi Şajaýewiň ýolbaşçylyk edýän “Kuwwatly” hojalyk jemgyýetiniň bereketli bugdaý meýdanlarynda ideg işleri guramaçylykly barýar. Hojalyk jemgyýetiniň oba hojalyk işlerini Rejepgeldiniň ogly, guramaçy daýhan ýigit Söhbet Şajaýew alyp barýar. Söhbediň gürrüň bermegine görä, häzirki wagtda bu ýerde 200 gektar maýsaly meýdan bolup, oňa yhlasly ideg edilýär. Kuwwatlylar üstümizdäki ýylda her gektar bugdaýly meýdandan 25 — 30 sentner bugdaý hasylyny almaklygy maksat edinýärler. Mehanizator Tirkiş Ataýew, suwçy Nurgeldi Wepaýew, topar ýolbaşçy Muhammetýagmyr Işanow we beýlekiler şu günler bugdaýly meýdanlara agronomçylygyň görkezmeleri esasynda ideg edýärler.

Oba hojalygy: bol hasyl ugrunda

Öňde jogapkärli möwsüm Hormatly Prezidentimiziň saýasynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, ony ösüşiň belent derejelerine çykarmak ugrunda edilýän tagallalar barha rowaçlanýar. Munuň netijesinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasyly ýetişdirilýär.

Atlar barada

Atlara paýhasly diýmezlik mümkin däl, sebäbi olar ynsanyň iň ýakyn ýoldaşy, syrdaşy hökmünde özlerini diýseň paýhasly alyp barýarlar. Bu hakykaty atlar barada aýdylan şu aşakdaky jümleler hem subut edýär: Atlar doglandan birnäçe sagat geçensoň, ylgap bilýärler.

Habarlar

Ekerançylaryň aladalary Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda gowaçadan, bugdaýdan başga-da, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmek barada berýän tabşyryklary halkymyzyň bu önümlere bolan isleginiň doly kanagatlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şondan ugur almak bilen, welaýatymyzyň gök ekerançylary, bakjaçy daýhanlary golaýlaşyp gelýän ekiş möwsümine ykjam taýýarlyk görýärler.

Suw desgalarynyň taryhy ähmiýeti

Parasatly pederlerimiz irki döwürlerden başlap, suw desgalaryny gurmagyň gymmatly tejribesini toplap, ajaýyp suwaryş desgalaryny, bentleri, jykyrlary, guýulary, kärizleri, sardobalary gurupdyrlar. Murgap derýasynda Soltanbent, Gowşutbent, Tejen derýasynyň boýunda Garrybent ýaly bentleri bina edipdirler. Bentleriň kömegi bilen suwy ýokary göterip, ekin meýdanlaryny suwarypdyrlar. Ata-babalarymyz uly bolmadyk ekin ýerlerini suwarmak üçin, Daşoguz welaýatynda we Amyderýanyň gollarynda jykyrlary ulanypdyrlar. Ekin meýdanlaryny kadaly suwarmak üçin, Ahalyň daglyk eteklerinde kärizleri gurupdyrlar. Käriz – el güýji bilen gurlan ýerasty suwaryş desgasy bolup, ol birnäçe suw toplaýjy ýerasty guýulary özünde jemleýär. Käriz gazmak işi örän kyn we gaty uzaga çekýän azaply iş bolupdyr. Tejribeli ussalar kähalatlarda kärizi doly gurup gutarmak üçin, onlarça ýyl zähmet çekmeli bolupdyrlar. Käriz gazýan adamlar il arasynda «kärizgenler» diýlip atlandyrylypdyr. Dag eteklerinde ýerasty suwlary ekerançylykda, maldarçylykda ulanmakda döredilen halk tejribesi sungat derejesine ýetirilipdir. Kärizler ajaýyp suw desgasy hökmünde häzirki döwürde hem haýran galdyrýar. Tygşytly ulanylanda, topraga siňen suwuň her bir damjasy altyn bolup döreýär.

Maksatlar myrat tapanda

Ak ekin ekip, ondan bol galla hasylyny alýan daýhanlaryň şu günki aladalary özüne ýetik. Çünki daýhançylyk hysyrdyly iş hasaplanylýar. Şoňa görä-de, ene ýere hyzmat edip, yhlasyny, zähmetini gaýgyrmaýan daýhanlar «berekella!» mynasyp bolýarlar. Şeýle daýhanlaryň biri hem Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Magtymguly Nurmämmedowdyr. Ol alyp barýan işleri barada gyzyklanyp beren sowalymyza şeýle jogap berdi: — Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli alyp barýan işleriniň çäklerinde oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde hem guwandyryjy netijeler gazanylyp, ýokary görkezijilere eýe bolunýar.

Ýeralma ekişiniň gerimi giňelýär

Döwlet tarapyndan berilýän kömek-hemaýatlaryndan netijeli peýdalanyp, öz işleriniň ilerlemegini gazanýan Baýramaly etrabynyň ekerançylary Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň şu möwsüminde etrap boýunça 1 müň 100 gektar meýdana ýazlyk ýeralmasyny ekmegi meýilleşdirdiler. Irki möhletlerde işeňňir adamlar tarapyndan başy başlanan ekiş şu günler has-da güýçlenýär. Ol häzirki döwürde özara bäsleşikli dowam edýär. Çünki bu ýyl ýeralmany ekmäge isleg bildiren hususyýetçileriň hem daýhan hojalyklarynyň sany öňkülerden artdy. Şeýle bolansoň, «Ir eken utar» diýen daýhan ýörelgesine eýerip, öňdebaryjylaryň sanyna goşulýanlar barha köpelýär. Ýazky ýeralmanyň ekişine girişen daýhan birleşikleriniň arasyndan «Bereket», «Täze durmuş», «Täze ýol» daýhan birleşikleriniň ýeralmaçylary öňde barýarlar. Hususy önüm öndürijileriň 40-syndan mese-mälim saýlanyp, şu ýyl 500 gektar meýdana ýazky ýeralmasyny ekmegi meýilleşdiren Ogulşirin Ýazdurdyýewa bu işde nusgalyk görelde görkezýär.

Maldarlaryň iş-aladalary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dowarlardan ýokary önüm almak ugrunda tagalla edip işleýän Bäherden etrabynyň daýhan birleşikleriniň maldarlary jogapkärli döwrüň ýetip gelmegi bilen öri meýdanlary kesgitlemek, kaşarlaryň abatlanmagyny doly derejede gazanmak, gyzgalaňly döwürde çopan-çoluklaryň ýanlaryna kömekçi adamlaryň berkidilmegini ýola goýmak ýaly işlere jogapkärli garaýarlar. Etrabyň daýhan birleşikleriniň maldarlary meýilnamalaýyn tabşyryk boýunça şu ýyl dowarlardan 10 müň 310 guzy almaga borçlanýarlar. Gyzgalaňly möwsümiň ýokary guramaçylykly geçirilmegini gazanmak maksady bilen etrabyň Şaja Batyrow, Magtymguly adyndaky, «Garaşsyzlyk» we «Mürçe» daýhan birleşikleriniň maldarlary üçin «Näz depe», «Goşa kak», «Arap», «Garry-kak», «Meňen» öri meýdanlary saýlanyp alyndy. Zähmetsöýer maldarlar özleri üçin döredilen mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga çalyşýarlar.

Täze sepgitlere badalga

Azyk senagatyny köpugurly ösdürmekde oba hojalyk toplumynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak möhüm talaplaryň biri bolup durýar. Pudaga döwlet goldawynyň netijeli gurallaryny ornaşdyrmak, oba hojalygynda işleýän kärendeçileri, daýhan hojalyklaryny, kärhanalary maliýe taýdan höweslendirmek üçin uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýakynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde oba hojalyk pudagyny ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagyna öwürmek ugrunda alnyp barylýan işlere, gazanylan netijelere garalyp, täze wezipeler kesgitlenildi. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de pudagy dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini täzeden üýtgedip guramak baradaky resminama gol çekildi.

Ak bugdaý — arzyly bugdaý

Hawa, biz indi şeýle diýip juda ynam bilen aýdyp bileris. Men häzir şu sözleri dile getiren mahalym, ak ekiniň çilinde durun. Tüweleme, luw ýylynyň gyşy Daşoguz topragyna bol gary bilen geldi. Tejribeli, köpügören daýhanlar: «Çillede ýagan gar ak ekin üçin edil possun ýalydyr. Şonuň aşagynda ymyzganan maýsanyň tomusdaky harmany bol bolar» diýerdiler. Meniň daýhançylyk tejribäm 30 ýyldan agyp barýar. Ata-babalarymyň rysgal-bereket tapan kesbini ýöredip gelýärin. Daýhanyňky, anyk aýdanyňda, azap bilen «gaňryp» almak. Lap etmäýin weli, ak ekiniň şu ýyldaky ýaly boldumly bitenini gördüm diýsem ýalançy.

Gyrgyzystan hytaý bazaryna hoz we alma çykarýar

Agro.kg web-saýty Gyrgyzystanyň Suw serişdeleri, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagaty ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda gyrgyz daýhanlarynyň hozuň we ýerli almalaryň ilkinji tapgyryny hytaý bazaryna iberendigini habar berýär. Ýurduň Oba hojalygy ministrliginiň belleýşi ýaly, bu söwda amallary eksport mümkinçiligini giňeltmäge we Gyrgyzystanyň önümleri üçin täze bazarlary tapmaga gönükdirilendir.

2024-nji ýylyň başynda Azerbaýjanda ýyladyşhanalaryň meýdany 1,6 müň gektara ýetdi

Azerbaýjanyň döwletiň statistika komitetiniň maglumatyna laýyklykda, 2023-nji ýylda Azerbaýjanda ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilen pomidoryň mukdary 268,9 müň tonna boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Azerbaýjanda umumy meýdany 1,6 müň gektara barabar bolan 3 müň 228 sany ýyladyşhana bardy. Bu ýyladyşhanalarda 2023-nji ýylda 268,9 müň tonna pomidor, 10,4 müň tonna hyýar, 590,6 tonna kömelek, 33 tonna sogan, 22,8 tonna kelem, 21,9 tonna noýba, 13,2 tonna burç, 7,8 tonna badamjan, 2,9 tonna sarymsak we 193,6 tonna ýertudana ösdürilip ýetişdirildi.

Oba hojalygy — ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu toplumy düýpli özgertmek, pudagy dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda kabul edilen döwletli çözgütler möhüm ähmiýete eýedir. Ýadyňyzda bolsa, mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi.

Döwrebap özgertmeler — rowaçlyklara badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda döwrebap özgertmeleri geçirmek we pudagy toplumlaýyn ösdürmek, ony ýokary girdejili pudaklaryň birine öwürmek, öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak,  ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş we zähmet şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kanunçylyk binýadynyň hem-de önümçilik gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde, daýhanlarymyz üçin öndürijilikli zähmet çekmäge we bereketli türkmen topragyndan bol hasyl almaga döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.  2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemine bagyşlap geçiren giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagynyň geljekde ýurdumyzyň ösüşiniň aýdyň nusgasyna öwrüljekdigini nygtady.

Ýaz ekişine taýýarlyk görülýär

Babadaýhan etrabynyň “ak altyn” ussatlary gowaça ekişine taýýarlykly barýarlar. Ýaz ekişine agrotehniki möhletde başlap, ony gysga wagtda tamamlamakda ýerleriň, tohumyň we tehnikalaryň möwsüme taýýarlyk ýagdaýyna uly ähmiýet degişlidir. Muňa oňat düşünýän babadaýhanly oba zähmetkeşleri bu ugurdaky işleriň her birini aýratyn üns merkezinde saklaýarlar. Etrabymyzyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň abatlaýjy ussalarydyr hünärmenleri ýaz ekişinde işlediljek traktorlary we gurallary möwsüme taýýarlamakda tutanýerli işleýärler. Olaryň tagallasy bilen tehnikalardyr ekijiler doly ýagdaýda taýýarlyk hatarynda goýulýar.

Oba hojalygynyň ösüşi - abadançylygyň hem-de bolçulygyň kepili

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy wezipesi oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek, ösdürmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmak, eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döredilýän bu giň möçberli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan türkmen daýhany ene ýere maňlaý derini, päk zähmetini siňdirip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar. Daýhanlarymyzyň yhlasy, türkmeniň çogly güneşiniň gudraty bilen galla meýdanlarymyzda guşgursak ak bugdaýyň, pagta meýdanlarymyzda bereketli ak altynyň, miwe we bakja önümleriniň gözüňi dokundyrýan hasyly ýetişdirilýär. Obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň,