Täze sepgitlere badalga

20 Fewral 2024
725

Azyk senagatyny köpugurly ösdürmekde oba hojalyk toplumynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak möhüm talaplaryň biri bolup durýar. Pudaga döwlet goldawynyň netijeli gurallaryny ornaşdyrmak, oba hojalygynda işleýän kärendeçileri, daýhan hojalyklaryny, kärhanalary maliýe taýdan höweslendirmek üçin uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýakynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde oba hojalyk pudagyny ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagyna öwürmek ugrunda alnyp barylýan işlere, gazanylan netijelere garalyp, täze wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de pudagy dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini täzeden üýtgedip guramak baradaky resminama gol çekildi.

Abdyrahman SARYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar