Gyrgyzystan hytaý bazaryna hoz we alma çykarýar

18 Fewral 2024
702

Agro.kg web-saýty Gyrgyzystanyň Suw serişdeleri, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagaty ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda gyrgyz daýhanlarynyň hozuň we ýerli almalaryň ilkinji tapgyryny hytaý bazaryna iberendigini habar berýär.

Ýurduň Oba hojalygy ministrliginiň belleýşi ýaly, bu söwda amallary eksport mümkinçiligini giňeltmäge we Gyrgyzystanyň önümleri üçin täze bazarlary tapmaga gönükdirilendir.

Taýýarlan: Selbinýaz ALWANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby.
Beýleki habarlar