Döwrebap özgertmeler — rowaçlyklara badalga

15 Fewral 2024
787

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda döwrebap özgertmeleri geçirmek we pudagy toplumlaýyn ösdürmek, ony ýokary girdejili pudaklaryň birine öwürmek, öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak,  ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş we zähmet şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kanunçylyk binýadynyň hem-de önümçilik gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde, daýhanlarymyz üçin öndürijilikli zähmet çekmäge we bereketli türkmen topragyndan bol hasyl almaga döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.

 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemine bagyşlap geçiren giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagynyň geljekde ýurdumyzyň ösüşiniň aýdyň nusgasyna öwrüljekdigini nygtady.

Aşyrdurdy ALLAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.
Beýleki habarlar