Suw desgalarynyň taryhy ähmiýeti

20 Fewral 2024
792

Parasatly pederlerimiz irki döwürlerden başlap, suw desgalaryny gurmagyň gymmatly tejribesini toplap, ajaýyp suwaryş desgalaryny, bentleri, jykyrlary, guýulary, kärizleri, sardobalary gurupdyrlar. Murgap derýasynda Soltanbent, Gowşutbent, Tejen derýasynyň boýunda Garrybent ýaly bentleri bina edipdirler. Bentleriň kömegi bilen suwy ýokary göterip, ekin meýdanlaryny suwarypdyrlar. Ata-babalarymyz uly bolmadyk ekin ýerlerini suwarmak üçin, Daşoguz welaýatynda we Amyderýanyň gollarynda jykyrlary ulanypdyrlar. Ekin meýdanlaryny kadaly suwarmak üçin, Ahalyň daglyk eteklerinde kärizleri gurupdyrlar.

Käriz – el güýji bilen gurlan ýerasty suwaryş desgasy bolup, ol birnäçe suw toplaýjy ýerasty guýulary özünde jemleýär. Käriz gazmak işi örän kyn we gaty uzaga çekýän azaply iş bolupdyr. Tejribeli ussalar kähalatlarda kärizi doly gurup gutarmak üçin, onlarça ýyl zähmet çekmeli bolupdyrlar. Käriz gazýan adamlar il arasynda «kärizgenler» diýlip atlandyrylypdyr. Dag eteklerinde ýerasty suwlary ekerançylykda, maldarçylykda ulanmakda döredilen halk tejribesi sungat derejesine ýetirilipdir. Kärizler ajaýyp suw desgasy hökmünde häzirki döwürde hem haýran galdyrýar. Tygşytly ulanylanda, topraga siňen suwuň her bir damjasy altyn bolup döreýär.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar