Azyk bolçulygy — ählumumy ileri tutulýan ugur

27 Fewral 2024
839

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilenine 32 ýyl dolýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde Türkmenistany bu abraýly düzüme kabul etmek hakyndaky karar biragyzdan goldanyldy.

Bu arzyly hem şanly sene Türkmenistanyň halkara syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, hojalyk-hukuk giňişligine goşulyşmagyna badalga berdi. Taryhy waka dünýäniň iň uly we täsirli guramasy bolan BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalarynyň ählumumy abadançylygyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň bähbidine tagallalary utgaşdyrmak baradaky çagyryşlaryna Türkmenistanyň seslenmäge taýýardygyny aýan etdi. Garaşsyz Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly hem jogapkär agzasy hökmünde halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň gatnaşmagyny, dünýäniň ylmy-tehniki gazananlaryna, döwrebap täzeçilliklerine çuňňur aralaşmagyny, umumadamzat siwilizasiýasyna mynasyp goşant goşmagyny şertlendirdi.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar