Ýeralma ekişiniň gerimi giňelýär

20 Fewral 2024
698

Döwlet tarapyndan berilýän kömek-hemaýatlaryndan netijeli peýdalanyp, öz işleriniň ilerlemegini gazanýan Baýramaly etrabynyň ekerançylary Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň şu möwsüminde etrap boýunça 1 müň 100 gektar meýdana ýazlyk ýeralmasyny ekmegi meýilleşdirdiler. Irki möhletlerde işeňňir adamlar tarapyndan başy başlanan ekiş şu günler has-da güýçlenýär. Ol häzirki döwürde özara bäsleşikli dowam edýär. Çünki bu ýyl ýeralmany ekmäge isleg bildiren hususyýetçileriň hem daýhan hojalyklarynyň sany öňkülerden artdy.

Şeýle bolansoň, «Ir eken utar» diýen daýhan ýörelgesine eýerip, öňdebaryjylaryň sanyna goşulýanlar barha köpelýär. Ýazky ýeralmanyň ekişine girişen daýhan birleşikleriniň arasyndan «Bereket», «Täze durmuş», «Täze ýol» daýhan birleşikleriniň ýeralmaçylary öňde barýarlar. Hususy önüm öndürijileriň 40-syndan mese-mälim saýlanyp, şu ýyl 500 gektar meýdana ýazky ýeralmasyny ekmegi meýilleşdiren Ogulşirin Ýazdurdyýewa bu işde nusgalyk görelde görkezýär.

Maral ORAZOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Baýramaly etrap komitetiniň jogapkär işgäri.
Beýleki habarlar