Maldarlaryň iş-aladalary

20 Fewral 2024
691

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dowarlardan ýokary önüm almak ugrunda tagalla edip işleýän Bäherden etrabynyň daýhan birleşikleriniň maldarlary jogapkärli döwrüň ýetip gelmegi bilen öri meýdanlary kesgitlemek, kaşarlaryň abatlanmagyny doly derejede gazanmak, gyzgalaňly döwürde çopan-çoluklaryň ýanlaryna kömekçi adamlaryň berkidilmegini ýola goýmak ýaly işlere jogapkärli garaýarlar. Etrabyň daýhan birleşikleriniň maldarlary meýilnamalaýyn tabşyryk boýunça şu ýyl dowarlardan 10 müň 310 guzy almaga borçlanýarlar.

Gyzgalaňly möwsümiň ýokary guramaçylykly geçirilmegini gazanmak maksady bilen etrabyň Şaja Batyrow, Magtymguly adyndaky, «Garaşsyzlyk» we «Mürçe» daýhan birleşikleriniň maldarlary üçin «Näz depe», «Goşa kak», «Arap», «Garry-kak», «Meňen» öri meýdanlary saýlanyp alyndy. Zähmetsöýer maldarlar özleri üçin döredilen mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga çalyşýarlar.

Şageldi SÄHETMYRADOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar