"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Mehanizatorlar bilen duşuşyklar

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň degişli hünärmenleri oba hojalygynda jogapkärli möwsüm bolan gowaça ekişiniň öň ýanyndaky günlerde etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarda bolup, gowaça ekişine gatnaşjak mehanizatorlaryň arasynda tehniki howpsuzlyk boýunça düşündiriş işlerini alyp bardylar. Mehanizatorlar bilen bolan duşuşyklarda ýaz ekişine taýýarlykly barmak, möwsümde tehniki howpsuzlyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek barada gürrüň edildi, olara degerli maslahatlar berildi. Ýeri gelende, etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalaryndaky oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň gowaça ekişine öňünden doly taýýarlyk hatarynda goýlandygyny bellemegimiz gerek. Iş üstündäki duşuşyklaryň barşynda mehanizatorlar bilen tehniki howpsuzlygyň düzgünleri boýunça özara sowal-jogaplaryň alşylmagy düşündiriş işleriniň netijeliligine oňyn täsirini ýetirdi.

Tohumyňyz müňlesin, pagtaçy daýhanlar!

Şu ýylyň 15-nji martynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda hem 27-nji martda gowaça ekişine ak pata berdi. Şu gün ýurdumyzyň dört welaýatynda endigandan tekiz sürlen meýdanlarda işjanly daýhanlarymyz aksakgal ýaşulularymyzyň «Bismillasy» bilen gowaça tohumynyň ekişine girişerler. Tohumyňyz müňlesin, pagtaçy daýhanlar! Oba hojalygynda her bir möwsümiň öz aýratynlygy bolup, ýaz ekişi möwsümi daýhandan has-da jogapkärçiligi talap edýär. Çünki howanyň şu amatly pursadyny elden bermän, agrotehnikanyň ähli talaplaryny doly berjaý etmek bilen, gowaça ekişini çalt we ýokary hilli, guramaçylykly geçirmek alynjak hasylyň ýokary bolmagyny üpjün eder.

Belent maksat

Görogly etraby boýunça şu ýyl 17 müňden gowrak gektar meýdanda gowaça ekişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şol meýdanyň 2 müň 800 gektaryna gowaçanyň «F-149» tohumyny hem-de galan 14 müň 700 gektar ýerine «Jeýhun» tohumyny ekmek meýilleşdirilýär. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda etrap boýunça ätiýaçlyk gowaça çigidini göz öňünde tutmak bilen 1 müň 898 tonnadan gowrak gowaça çigidini taýýarlamak meýilleşdirildi. Häzirki döwürde şonça mukdardaky gowaça çigidiniň agramly bölegi taýýarlanyldy. Taýýarlanylan gowaça çigidini arassalamak, zyýankeşlere garşy dermanlamak işleri alnyp barylýar.

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýaş alymlar Geňeşi we «Ýaş bagban» ylmy gurnagy tarapyndan «Bütindünýä kösükli däneliler güni» mynasybetli «Durnukly azyk howpsuzlygynda kösükli dänelileriň orny» atly ylmy maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmen oba hojalyk institutynda hereket edýän ylmy gurnaklaryň işjeň agzalary, talyp ýaşlar we mugallymlar gatnaşdylar. Oňa gatnaşyjylar özleriniň kösükli ekinler baradaky nutuklary bilen çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda häzirki döwürde kösükli däneli ekinleriň durmuşymyzdaky ähmiýeti we olaryň ylmy taraplary, topraga täsiri, ekin dolanyşygyndaky orny barada täsirli maglumatlary berdiler.

Azyk bolçulygy ugrunda

Daşoguz welaýatynyň Şabat etraby gök-bakja, miwe önümleriniň öndürilmegine mynasyp goşant goşýan etraplaryň biridir. Bu etrap oba hojalyk önümlerini öndürmekde, täze tehnologiýalardan peýdalanyp, baý iş tejribesini durmuşa ornaşdyrmakda özüniň nusgalyk derejesi bilen ýurdumyzda meşhurdyr. Etrabymyzyň kärendeçileri şu ýyl 1 müň 995 gektar meýdanda ýeralma, 10 gektar meýdanda hyýar, 90 gektar meýdanda pomidor, 50 gektar meýdanda kelem, 10 gektar meýdanda käşir we 240 gektar meýdanda bolsa gawun-garpyz, kädi ýaly bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýärler. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň ilkinji guramalarynyň düzüminiň agramly bölegini daýhan birleşikleriniň kärendeçi daýhanlary düzýär. Daýhançylyk medeniýetini ýokarlandyrmakda, oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda amala aşyrylýan işler dogrusynda agzalarymyz yzygiderli wagyz-nesihat çärelerini geçirip durýarlar.

Maýsaly meýdanlara ösüş suwy tutulýar

Şu günler Tejen etrabynyň güýzlük bugdaý ekilen 44 müň 300 gektar meýdanynda endigan gögeriş alnyp, häzirki wagtda ýaşyl dona bürenip oturan maýsalara ikinji ösüş suwuny tutmak ýaly işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigini bellemek gerek. Etrabyň «Däneçilik» daýhan birleşiginiň tejribeli gallaçy kärendeçileri maýsalaryň idegini ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berýärler. Meretmuhammet Orazow, Hojanazar Begow, Toýly Jaýtyýew ýaly kärendeçiler endigan gögeriş alnan bugdaý meýdanlaryna hyzmat etmekde has-da göreldeli zähmet çekýärler. Olar şu günler maýsaly meýdanlara ösüş suwuny kadalaýyk tutmak işlerini göwnejaý alyp barýarlar. Ady agzalan kärendeçiler yhlasly işleri bilen beýlekilere hem görelde bolýarlar. Olaryň ýaşyl öwsüp oturan ekin meýdanlaryny synlanyňda, bu ýyl hem ýokary galla hasylyny alyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmekde durmuşa geçirilýän beýik işlere asylly goşant goşmak ugrunda çekýän zähmetleriniň ýerine düşjekdigine bolan ynamyň artýar.

Boldumly hasyla garaşylýar

«Baýramaly» daýhan birleşigi diňe bir Garagum etrabynda däl, eýsem, Mary welaýatynda hem iri daýhan birleşikleriň hatarynda tanalýar. Daýhan birleşigi boýunça geçen 2023-nji ýylyň güýzünde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurtlardan satyn alyp beren, ýokary öndürijilikli kämil tehnikalarynyň kömegi bilen, daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri 3 müň 740 gektar meýdana güýzlük bugdaý ekdiler. Bu meýdandan 7 müň 175 tonna azyklyk däne öndürmegi maksat edinýän kärendeçiler ýaş maýsalara kadaly ideg etmekde yhlasly zähmet çekýärler. Güýzlük bugdaýdan ýokary hasyl almak üçin agrotehniki çäreleriň, onuň ähli ösüş döwründe-de talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigine oňat düşünýän kärendeçiler tarapyndan ýeterlik mukdarda mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, suwdan ganyp içen ýaşajyk ýaşyl maýsalar atyzlara görk berýärler.

Jogapkärli möwsüm

Bahar paslynda jogapkärli möwsümiň ýetip gelmegi bilen Bäherden etrabynyň daýhan birleşiklerinde öri meýdanlaryny kesgitlemek, kaşarlaryň doly derejede abatlanmagyny gazanmak, çopan-çoluklaryň ýanyna kömekçi adamlaryň berkidilmegini ýola goýmak ýaly işlere jogapkärli garalýar. Etrabyň daýhan birleşikleriniň maldarlary meýilnamalaýyn tabşyryk boýunça şu ýyl dowarlardan 10 müň 310 guzy almaga borçlanýarlar. Gyzgalaňly möwsümiň ýokary guramaçylykly geçirilmegini gazanmak maksady bilen, etrabyň Şaja Batyrow, Magtymguly adyndaky hem-de «Garaşsyzlyk», «Mürçe» daýhan birleşikleriniň, «Näz depe», «Goşa kak», «Arap», «Garry kak», «Meňen» öri meýdanlarynyň saýlanyp alynmagynyň ähmiýeti uludyr. Bu ýerlerde häzirki günlerde ilkinji sagdyn owlak-guzular alnyp başlandy.

Ahalteke taýlarynyň ösdürilip ýetişdirilişi

Ýaş taýyň kadaly ösmegi üçin enesiniň süýdi zerurdyr. Taýly baýtalyň süýtli bolmagy üçin olary kadalaýyk iýmitlendirmeli. Gunanlandan 1,5 – 2 sagat geçenden soň, baýtallara ortaça 2 – 3 kilogram ýorunja bedesi berilýär. Baýtalyň gunanlan ilkinji gününde gije-gündiziň dowamynda mukdary 5 kilogram iými bulamak edip, içine mikroelementler bilen baýlaşdyrylan duz garylyp berilýär. Geçmişde türkmen atşynaslary olara 200-300 grama golaý möçberde goýnuň guýruk ýagyny eredip beripdirler. Gunanlan baýtallary ilkinji hepdelerde aramlyk derejede iýmitlendiripdirler. Bu olarda owuz süýdüniň artyk emele gelmeginiň, şeýle hem taýçanagyň içiniň geçmeginiň öňüni almaga mümkinçilik beripdir. Baýtallar gunanlandan 1 – 1,5 hepdeden soň, tassyklanan zootehniki kada boýunça doly derejedäki iýmitlendirilişe geçirilýär. Baýtallary iýmitlendirmek üçin bir gije-gündizlik iýmitlendiriş paýyň düzümi adatça 2 – 3 kilogram arpadan ýa bolmasa, süleden, 10 – 12 kilogram ýorunja bedesinden we olara garylyp berilýän nahar duzundan ýa-da mikrogoşundylardan ybarat bolup durýar.

Ekiş geçirmegiň we ýaş gowaçalara ideg etmegiň düzgünleri

Gowaçanyň ösüp, boý almagy, ýokary hasyl toplamagy diňe bir onuň biologiýa aýratynlyklaryna we toprak-howa şertlerine bagly bolman, eýsem, köp ýagdaýda ekişiň möhletine bagly bolýar. Gowaça ekilmeli meýdanlarda topragyň ýylylygynyň ýokarlanmagy bilen tohumyň gögerijiligi hem artýar. Güneşli Diýarymyzyň welaýatlarynyň dürli toprak-howa şertlerinde geçirilen meýdan tejribeleri 30-njy martda, ýagny topragyň ýylylygy 18 – 20 derejä baranda ekilen gowaça tohumynyň 13 – 15 günden, 10-njy aprelde topragyň ýylylygy 22 – 25 derejä ýetende ekilen tohumyň 8 – 11 günden soň gögerýändigini görkezdi. Gowaça ekişiniň amatly möhletiniň ahyrynda, ýagny 20-nji aprelde topragyň ýylylygy 23 – 27 derejä baranda ekilen tohumlar 6 – 8 günde gögerip başlaýar. 30-njy aprelde, topragyň ýylylygy 26 – 30 derejä ýetende ekiş geçirilen meýdanlarda gowaça 5 günden soň gögerip başlaýar. Bu möhletde ekilen gowaçada gunça we gül az emele gelýär, gozalar giç açylyp başlaýar, hasyllylyk pes bolýar.

Ekiş möwsüminiň öňüsyrasynda

Bahar geldi. Nowruz bosagada. Ýurdumyzda gyzgalaňly ekiş möwsümi daýhanlara garaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 18-nji martda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda halkymyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler bilen birlikde gyzgalaňly zähmet möwsümi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa möwsümleýin amala aşyrylýan işler dogrusynda hasabatlaryny berdiler. Döwlet Baştutanymyz olary diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Gowaça ekişine guramaçylykly girişilmegini, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Azerbaýjan po­mi­dor eks­por­ty­ny art­dyr­ýar

Soň­ky 5 ýyl­da Azer­baý­ja­nyň po­mi­dor eks­por­ty ýur­duň oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň eks­por­ty­nyň, tak­my­nan, 30 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­di. Has ta­ky­gy, 2019 — 2023-nji ýyl­la­r ara­ly­gyn­da Azer­baý­jan umu­my ba­ha­sy 880,4 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bo­lan 789 müň 311 ton­na po­mi­do­ry da­şar­ky ba­zar­la­ra ýer­le­di.

Irki ekinler ekilýär

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzyň ýer eýeleri, bakjaçylary bazarlarymyzy dürli görnüşli azyk önümleri bilen üpjün etmek,ýurdumyzy bereket-bolçulygyň mekanyna öwürmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olar ilatyň azyk önümlerine bolan ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, oba hojalyk ekinleriniň irki ekilýän görnüşlerini ekmegi guramaçylykly alyp barýarlar. Welaýatymyzda şu günler ýeralma we sogan ekmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Bu ugurda Ruhubelent etrabynyň ekerançylary hem yhlasly zähmet çekýärler. Etrabyň daýhan birleşikleriniň hem-de daýhan hojalyklarynyň ekerançylary bu möwsüme ýokary taýýarlykly geldiler. Şu ýyl «Aşyk Aýdyň» daýhan birleşiginiň kärendeçileri 5 gektar ýerde ýeralma, 2 gektar ýerde sogan, «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçileri 5 gektar ýerde sogan ýetişdirmegi maksat edinýärler. Kärendeçilerden Öwezgeldi Kakyşow, Dädebaý Ilamanow, daýhan hojalyklaryň ýer eýelerinden Nazar Hangeldiýew, Nurgeldi Gurbanbaýew dagy irki ekinlerinden bereketli hasyl almakda tejribeli ekerançylar hökmünde tanalýarlar. Olar irki ekinleri öz wagtynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ekmekde köplere görelde görkezýärler.

Meýdanlara suw tutulýar

Boldumsaz etrabynda gowaça ekiljek meýdanlara suw tutmak işi gyzgalaňly dowam edýär. Etrabyň Guwanç Atamedow adyndaky daýhan birleşiginde hem bu çäre guramaçylykly alnyp barylýar. Her ýyl «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirýän bu daýhan birleşiginde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1400 gektar meýdana gowaça ekmek göz öňünde tutulýar. Suw tutmak işini öz wagtynda we gysga möhletde amala aşyrmak üçin hojalykda ähli mümkinçiliklerden peýdalanylýar. Daýhan birleşiginde suw sorujylaryň 10 sanysy işledilip, her günde onlarça gektar meýdana suw tutulýar. Pagtaçy kärendeçiler suw tutmak işiniň kada laýyk bolmagy, suwuň isrip edilmegine ýol bermezlik üçin tagalla edýärler. 2 gektar ýeri kärendesine alan Bibi Bazarowa, 3 gektara ideg edýän Allaýar Satlykow, 2 gektar ýeri kärendesine alan Geldimyrat Satymow ýaly kärendeçiler öz ýerlerine suw tutmak işini irki möhletde geçirmegi başardylar. Daýhan birleşiginde gowaça ekiljek ähli ýerler suw tutmaga doly taýýar edildi. Suw tutmak işi ýörite hünärmenleriň gözegçiligi astynda alnyp barylýar.

«Bu baharlar başlangyjy geljegiň...»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bahar pasly öz hökmüni ýöredip ugrady. Şeýlelikde, ene toprakda, tebigatda, ähli janly-jandarlarda özgerişler peýda bolýar. Olaryň her bir ynsana örän ýakymly täsiriniň bardygy hem aýandyr. Şonuň bilen birlikde-de, baharyň ilkinji günlerinde bili zähmet bilen bekän daýhanyň iş-aladasynyň has artýandygy mälim. Sebäbi öňde gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiş möwsümleri dur. Indi «Biriň müň bolsun!» diýlip, topraga tohum atyljak günler daşda däl.

Sähradaky haýyrly işler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan maldarçylygy ösdürmek barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şonda ymgyr Garagumuň jümmüşinde bakylýan dowar, düýe sürüleriniň suw bilen ýeterlik üpjün edilmegi baradaky aladalar uly orny eýeleýär. Golaýda «Daşoguzörisuw» bejeriş-gurluşyk kärhanasynyň baş hünärmeni Halnyýaz Halnyýazow bu barada habarçymyza şeýle gürrüň berdi: — Hemmämiziň bilşimiz ýaly, häzirki döwürde welaýatymyzyň maldarçylyk hojalyklarynyň mallary Garagumuň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ýaýlalarynda idedilýär. Olaryň suw üpjünçiliginiň talabalaýyk bolmagy esasy meseleleriň birine öwrülýär. Biziň kärhanamyzyň işçi-hünärmenleri hem onuň ygtybarly çözülmegine goşant goşmakda yhlasly zähmet çekýärler.

Tehnikalar — daýhanlaryň ygtybarly daýanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlaryň öňünde durýan jogapkärli wezipeleriň biri bolan ýaz ekişine taýýarlyk işleri ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görülýär. Daýhanlar ýerini ekişe taýýarlasa, tehnikalarymyz gerekli şaýlar bilen üpjün edilýär. Oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginde Türkmenabat tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň hünärmenleriniň paýy has-da uludyr. Bu ýerde ýylyň dowamynda kombaýnlaryň, traktorlaryň gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlary taýýarlanylýar, ulanyş möhleti tamamlanan käbir şaýlar bolsa gaýtadan dikeldilýär. Zawodda gerekli şaýlaryň wagtynda we ýokary hilli öndürilmegi gazanylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada zawodyň gözegçi inženeri Aziza Hallyýewa bilen bolan söhbetdeşligimizi okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris. — Aziza, daýhanlaryň ene toprakdan bol hasyl almaklary üçin, ilkinji nobatda, döwrebap tehnikalar zerur bolup durýar. Munuň üçin tehnikalaryň guratlygyny gazanmak derwaýys meseleleriň biri. Zawodyňyzda şu babatda alnyp barylýan işler barada aýdaýsaňyz!

Toprakda gapaklama bilen bagly çäreler

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň edermen daýhanlary oba hojalyk ekinlerinden önüm öndürmekde ýylyň-ýylyna zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň taýsyz tagallalary netijesinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şorlaşma, çölleşme hadysalaryna garşy has netijeli çäreleri önümçilige ornaşdyryp, topragy gurplandyrmak boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda ýaz pasly ygaly, ýagyş-ýagmyry bilen gelýär. Gowaça ekilenden soň, ýagyn ýagan halatynda topragyň ýüzi gatap dykyz gatlak emele gelýär we şineläp başlan tohumlaryň gögerip çykmagy kynlaşýar. Muňa «topragyň gapaklamasy» diýilýär. Topragyň gapaklama häsiýeti, esasan, agyr toýunsow, toýun we ýeňil toýunsow toprakda bolýar. Topragyň agregatlar bilen baglanyşyklylygy ýokary bolup, ýagyn ýagandan soň, kesekler emele gelip tokgalanýar. Bu ýagdaý topragyň üstki gatlagynyň gapaklamagyna getirýär. Çäge we çägesöw mehaniki düzümli bolan topraklarda gapaklama bolmaýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin gowaça ekilen meýdanlary kadalaýyk sazlanan, aýlanýan dyrmyk (motyga) bilen, gapagyň galyňlygyna baglylykda, talap edilýän tizlikde işläp bej

Düýe hakda biläýmeli maglumatlar

Düýe haýwanat dünýäsiniň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Düýe diňe sellýuloza (ýandak, sazak) bilen iýmitlenip, uzak ýaşaýan jandardyr.

Bugdaýlaryň göwnejaý idegi

Şu günler kärendeçiler ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, güýzlük bugdaýlara göreldeli ideg etmek ýaly möwsümleýin meýdan işlerini barha batly depginlerde dowam etdirýärler. Köneürgenç etrabynyň gallaçy kärendeçileri 17500 gektar ýere ekilen güýzlük bugdaýlara ideg işlerini  häzirki günüň talaplaryna laýyk alyp barýarlar. Bu babatda «Zaman» daýhan birleşiginiň kärendeçileri aýratyn tapawutlanýarlar. Ýakynda bu daýhan birleşiginiň başlygy Eziz Saparow bilen alnyp barylýan işler dogrusynda söhbetdeş bolduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi: