Mehanizatorlar bilen duşuşyklar

19 Mart 2024
445

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň degişli hünärmenleri oba hojalygynda jogapkärli möwsüm bolan gowaça ekişiniň öň ýanyndaky günlerde etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarda bolup, gowaça ekişine gatnaşjak mehanizatorlaryň arasynda tehniki howpsuzlyk boýunça düşündiriş işlerini alyp bardylar.

Mehanizatorlar bilen bolan duşuşyklarda ýaz ekişine taýýarlykly barmak, möwsümde tehniki howpsuzlyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek barada gürrüň edildi, olara degerli maslahatlar berildi. Ýeri gelende, etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalaryndaky oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň gowaça ekişine öňünden doly taýýarlyk hatarynda goýlandygyny bellemegimiz gerek. Iş üstündäki duşuşyklaryň barşynda mehanizatorlar bilen tehniki howpsuzlygyň düzgünleri boýunça özara sowal-jogaplaryň alşylmagy düşündiriş işleriniň netijeliligine oňyn täsirini ýetirdi.

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.
Beýleki habarlar