Azyk bolçulygy ugrunda

19 Mart 2024
527

Daşoguz welaýatynyň Şabat etraby gök-bakja, miwe önümleriniň öndürilmegine mynasyp goşant goşýan etraplaryň biridir. Bu etrap oba hojalyk önümlerini öndürmekde, täze tehnologiýalardan peýdalanyp, baý iş tejribesini durmuşa ornaşdyrmakda özüniň nusgalyk derejesi bilen ýurdumyzda meşhurdyr. Etrabymyzyň kärendeçileri şu ýyl 1 müň 995 gektar meýdanda ýeralma, 10 gektar meýdanda hyýar, 90 gektar meýdanda pomidor, 50 gektar meýdanda kelem, 10 gektar meýdanda käşir we 240 gektar meýdanda bolsa gawun-garpyz, kädi ýaly bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýärler.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň ilkinji guramalarynyň düzüminiň agramly bölegini daýhan birleşikleriniň kärendeçi daýhanlary düzýär. Daýhançylyk medeniýetini ýokarlandyrmakda, oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda amala aşyrylýan işler dogrusynda agzalarymyz yzygiderli wagyz-nesihat çärelerini geçirip durýarlar.

Akmyrat GARAJAÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Şabat etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar