«Bu baharlar başlangyjy geljegiň...»

13 Mart 2024
535

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bahar pasly öz hökmüni ýöredip ugrady. Şeýlelikde, ene toprakda, tebigatda, ähli janly-jandarlarda özgerişler peýda bolýar. Olaryň her bir ynsana örän ýakymly täsiriniň bardygy hem aýandyr.

Şonuň bilen birlikde-de, baharyň ilkinji günlerinde bili zähmet bilen bekän daýhanyň iş-aladasynyň has artýandygy mälim. Sebäbi öňde gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiş möwsümleri dur. Indi «Biriň müň bolsun!» diýlip, topraga tohum atyljak günler daşda däl.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar