Tehnikalar — daýhanlaryň ygtybarly daýanjy

12 Mart 2024
633

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlaryň öňünde durýan jogapkärli wezipeleriň biri bolan ýaz ekişine taýýarlyk işleri ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görülýär. Daýhanlar ýerini ekişe taýýarlasa, tehnikalarymyz gerekli şaýlar bilen üpjün edilýär. Oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginde Türkmenabat tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň hünärmenleriniň paýy has-da uludyr. Bu ýerde ýylyň dowamynda kombaýnlaryň, traktorlaryň gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlary taýýarlanylýar, ulanyş möhleti tamamlanan käbir şaýlar bolsa gaýtadan dikeldilýär. Zawodda gerekli şaýlaryň wagtynda we ýokary hilli öndürilmegi gazanylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada zawodyň gözegçi inženeri Aziza Hallyýewa bilen bolan söhbetdeşligimizi okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris.

— Aziza, daýhanlaryň ene toprakdan bol hasyl almaklary üçin, ilkinji nobatda, döwrebap tehnikalar zerur bolup durýar. Munuň üçin tehnikalaryň guratlygyny gazanmak derwaýys meseleleriň biri. Zawodyňyzda şu babatda alnyp barylýan işler barada aýdaýsaňyz!

Söhbetdeş bolan Jennet RAIMBAÝEWA,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar