Toprakda gapaklama bilen bagly çäreler

12 Mart 2024
521

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň edermen daýhanlary oba hojalyk ekinlerinden önüm öndürmekde ýylyň-ýylyna zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň taýsyz tagallalary netijesinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şorlaşma, çölleşme hadysalaryna garşy has netijeli çäreleri önümçilige ornaşdyryp, topragy gurplandyrmak boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär.

Diýarymyzda ýaz pasly ygaly, ýagyş-ýagmyry bilen gelýär. Gowaça ekilenden soň, ýagyn ýagan halatynda topragyň ýüzi gatap dykyz gatlak emele gelýär we şineläp başlan tohumlaryň gögerip çykmagy kynlaşýar. Muňa «topragyň gapaklamasy» diýilýär. Topragyň gapaklama häsiýeti, esasan, agyr toýunsow, toýun we ýeňil toýunsow toprakda bolýar. Topragyň agregatlar bilen baglanyşyklylygy ýokary bolup, ýagyn ýagandan soň, kesekler emele gelip tokgalanýar. Bu ýagdaý topragyň üstki gatlagynyň gapaklamagyna getirýär. Çäge we çägesöw mehaniki düzümli bolan topraklarda gapaklama bolmaýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin gowaça ekilen meýdanlary kadalaýyk sazlanan, aýlanýan dyrmyk (motyga) bilen, gapagyň galyňlygyna baglylykda, talap edilýän tizlikde işläp bejermek talap edilýär. Bu çäräni ýagyn ýagyp, topragyň üstki gatlagy gatan dessine geçirmek maslahat berilýär. Topragyň gapagy öz wagtynda — iki gije-gündiziň dowamynda ýumşadylmasa, emele gelen gapak sebäpli, toprakda gowaçanyň kök ulgamynyň ýaýran zolagynda howa çalşygy kadaly geçmeýär. Gapak zerarly toprakdaky yzgaryň bugarmasy güýçlenýär. Agyr toprakly meýdanlarda üstki gatlak has güýçli dykyzlaşýar we howa çalşygynyň bozulandygy sebäpli topragyň üstki, tohum ýatan gatlagy gyzýar, şinelän tohumdan ösen gowaça gämikleri ýeriň üstüne çykyp bilmän, kislorodsyz şertlerde bolup geçýän biologik hadysalaryň netijesinde, köplenç halatda çüýreýär.

Ýagmyr ORAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar