Şu günler kärendeçiler ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, güýzlük bugdaýlara göreldeli ideg etmek ýaly möwsümleýin meýdan işlerini barha batly depginlerde dowam etdirýärler. Köneürgenç etrabynyň gallaçy kärendeçileri 17500 gektar ýere ekilen güýzlük bugdaýlara ideg işlerini häzirki günüň talaplaryna laýyk alyp barýarlar. Bu babatda «Zaman» daýhan birleşiginiň kärendeçileri aýratyn tapawutlanýarlar. Ýakynda bu daýhan birleşiginiň başlygy Eziz Saparow bilen alnyp barylýan işler dogrusynda söhbetdeş bolduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi: