Ekiş geçirmegiň we ýaş gowaçalara ideg etmegiň düzgünleri

19 Mart 2024
509

Gowaçanyň ösüp, boý almagy, ýokary hasyl toplamagy diňe bir onuň biologiýa aýratynlyklaryna we toprak-howa şertlerine bagly bolman, eýsem, köp ýagdaýda ekişiň möhletine bagly bolýar.

Gowaça ekilmeli meýdanlarda topragyň ýylylygynyň ýokarlanmagy bilen tohumyň gögerijiligi hem artýar. Güneşli Diýarymyzyň welaýatlarynyň dürli toprak-howa şertlerinde geçirilen meýdan tejribeleri 30-njy martda, ýagny topragyň ýylylygy 18 – 20 derejä baranda ekilen gowaça tohumynyň 13 – 15 günden, 10-njy aprelde topragyň ýylylygy 22 – 25 derejä ýetende ekilen tohumyň 8 – 11 günden soň gögerýändigini görkezdi. Gowaça ekişiniň amatly möhletiniň ahyrynda, ýagny 20-nji aprelde topragyň ýylylygy 23 – 27 derejä baranda ekilen tohumlar 6 – 8 günde gögerip başlaýar. 30-njy aprelde, topragyň ýylylygy 26 – 30 derejä ýetende ekiş geçirilen meýdanlarda gowaça 5 günden soň gögerip başlaýar. Bu möhletde ekilen gowaçada gunça we gül az emele gelýär, gozalar giç açylyp başlaýar, hasyllylyk pes bolýar.

Akmuhammet ÇAPAU,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar